Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kitap bilen tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda bu ajaýyp eseriň many – mazmuny dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Bu ajaýyp kitap ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, agzybirlik ýaly ýol-ýörelgeleri çuňňur beýan edýär. Türkmen, iňlis we rus dillerde jemi 9 bölümden ybarat eser diňe türkmen halky üçin däl, eýsem, parahatçylygy goldaýan, asudalygy ähli zatdan ileri tutýan halklaryň ählisi üçin hem örän gymmatlydyr – diýip çykyş edenler bellediler. Dabarada çykyş edenler halkymyza çuňňur parasada ýugrulan ajaýyp kitaplary sowgat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








