Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri we bu iri göwrümli forumyň ähmiýeti bilen bagly “Döwrüň döwletli gadamlary-halkymyzyň buýsanjy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Mary welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Bu maslahatda çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolup taryha altyn harplar bilen ýazyljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti we onuň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň at-abraýynyň älem içre has-da belende galmagynda möhüm orun eýeleýändigi dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Dünýäniň ençeme döwletlerinden köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda ýokary derejede gurnaljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynda ugurdaş düzümler bilen bagly dürli ugurlar boýunça geçiriljek söhbetdeşlikler, duşuşyklar, sergiler we medeni çäreler hem-de olara görülýän taýýarlyk işleri baradaky gürrüňler hem bu maslahatyň içnden eriş-argaç bolup geçdi. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri, dünýäde dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýanlygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa