Mary etrabynyň döwrebap Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görilýän taýýarlyk işleri bilen bagly täsirli gürrüňler edildi we şol maslahatda il-ýurt bähbitli garaljak birnäçe meseleler, şeýle hem Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzy ösdürmekde toplumlaýyn işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatyň dowamy etrabyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda eşretli zamanamyz, asuda Watanymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleri giňden wasp edildi.
Altynaý SEÝITBERDIÝEWA.