Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.
Wepa ŞARIPOW.








