Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyz aýdyň ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Bu babatda taryhy wakalary bilen dabaralanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýeňişli gadamlarymyzyň bady barha artýar.
Döwlet baştutanymyzyň welaýatymyzda iş saparynda bolup, Ýolöten etrabynyň çäginde täze döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata bermegi il-günümiziň göwnüni galkyndyrdy. Kalbymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň ýaşaýjylary üçin dörediljek ähli amatlyklar Garaşsyz döwletimizde adam hakdaky aladanyň tutumly işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu günlerki taryhy waka “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzyň uly üstünliklere beslenýändigine güwä geçýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn!
Jumanazar JUMAMYRADOW.
Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.








