Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Mary welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirlen bu dabaraly maslahata welaýatyň saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Geçirlen bu maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar döwletimizi ösüşleriň aýdyň maksatly ýollary bilen öňe alyp barýan, eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar
Parahat GURBANOW.








