Bilşimiz ýaly, awgust aýynyň 4—8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: giň gerimli özgertmeler we beýik başlangyçlar» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Aýparça AKYMOWA.