Tahyr Ataýewiň orkestri «Le tour de Franсe» konsertine çagyrýar
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Tahyr Ataýewiň orkestri «Le tour de Franсe» konsertine çagyrýar

246 23.01.2023

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Le tour de Franсe» konsertine tomaşa etmäge çagyrýar.

Orkestr konserte geljek myhmanlar üçin dünýä belli fransuz sazlarynyň onlarçasyny ýerine ýetirer. Olar konsertiň gyzykly hem täsirli geçjekdigini söz berýärler.

«Le tour de Franсe» konserti 9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

Konsert 19:00-da başlanar.

Giriş petekleri barada giňişleýin maglumat almak üçin şu görýän telefon belgileriňize jaň edip bilersiňiz: 559015, (+99362)532871).

17
17 02.06.2026
Mary welaýatynda galla oragyna badalga berildi

 Hormatly Prezidentimiziň 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde şu ýylyň galla oragyna başlamak barada ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryna beren ak patasy bilen baglanşykly Mary welaýat häkimliginde ýörite maslahat geçirildi. Bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, oba hojalyk toplumynyň işgärleri, gallaçy kärendeçiler, welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara - kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň ak ekinli meýdanlarynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça öňde duran möhüm hem gaýragoýulmasyz wezipeler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda şu jogapkärli möwsüm döwründe ýygym tehnikasynyň, meýdanlarda ýygnalýan hasyly galla kabul ediş merkezlerine daşaýan awtoulaglaryň, traktor tirkegleriniň işini gije – gündiz takyk hem sazlaşykly gurap, gymmatly wagtyň her bir minutyndan netijeli peýdalanmak dogrusynda giňişleýin we işjeň pikir alşyldy. Soňra dabara gatnaşýanlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerde geçmişde bugdaý hasylynyň ýetişdirilişi, ýygnalyşy we saklanylyşy baradaky taryhy gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar. Munuň özi olaryň kalbynda halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna bolan buýsanjy artdyrdy. Soňra maslahata gatnaşýanlar welaýat derejesinde galla oragyna girişilýän ýer bolan Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň gallaly meýdanlarynyň gyrasyna bardylar. Olar Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren ýokary tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň, kuwwatly ýük awtoulaglarynyň dabaranyň geçýän ýerindäki uzyn hatarlaryny höwes bilen synladylar. Daýhanyň hakyky daýanjy bolan şol tehnikalar welaýatda şu ýyl ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga möhletde, iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmaga ýardam berer.        Welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň galla oragyna bissimylla bilen başlap bermekleri gallaçy daýhanlaryň şu günki zähmet baýramçylygynyň iň dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde dabara gatnaşýanlaryň şatlyk – şowhuny bilen kuwwatly hem ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlary herekete girizilip, bugdaý oragyna guramaçylykly girişildi. Welaýatyň ussat kärendeçileriniň, gallaçy-daýhanlarynyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda der döküp kemala getiren bugdaý hasyllary ýüklenen awtoulag kerweni Mary şäheriniň görkana köçelerini bezäp, oňa özboluşly öwüşgin çaýdy. Ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan eziz Diýarymyzy, daýhan zähmetini, bereketli türkmen topragyny wasp edýän göwün göteriji şygarlar bilen bezelen ýük awtoulaglarynyň kerweni şäheriň gözel künjeklerinden, owadan binalaryň deňinden geçip, “Marygalla” önümçilik birleşiginiň “Marygalla” kärhanasyna bardy. Üsti bereketli bugdaý hasyly ýüklenen awtoulaglar bu ýerde welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda asylly däbe görä üzärlik tütedilip, uly toý şatlygy bilen garşy alyndy. Kärhanada galla oragyna badalga berilmegi hem-de daýhan ýhlasy bilen ýetişdirilen ak bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalarynyň kabul edilip başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Şanly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen dabara welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri, mährem eneler, gallaçy babadaýhanlar, ussat kärendeçiler, daýhan birleşikleriniň, edara-kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden adamlar welaýatyň edermen babadaýhanlaryny galla oragyna badalga berilmegi we bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalarynyň kabul edilip başlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna bol galla hasylyny ýetişdirmekde berýän kömekdir goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaraly çäreden soň welaýatyň edermen gallaçylarynyň ýetişdiren bol bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalary kabul edilip, ol “Marygalla” kärhanasynda gaýtadan işlenip başlandy. Welaýatda galla hasyly ýygnalan meýdanlarda bada – bat bugdaý pahalyndan mallara gyş döwri üçin ätiýaçlyk ot taýýarlamaklyga, ýerleri sürüp, gant şugundyryny, gök, bakja ekinlerini ekmäge taýýarlamaklyga-da guramaçylykly girişildi. Soňra berlen toý sadakasynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi. Çäjiňize bereket, Mary welaýatynyň ussat gallaçy daýhanlary!       Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il-agzybirligi, ýurt abadançylygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi.       Göwher Ataýewa

14
14 01.06.2026
Şadyýan tomus - 2026

Çagalaryň durmuşyny ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara besleýän tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli Mary welaýatynda dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen çäreleriň başy welaýatyň “Kemine” adyndaky döwlet drama teatrynyň öňündäki bezelen meýdançada guralan aýdym-sazly dabara bilen başlandy. Bu ýerde welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň sungata höwesek çagalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda ajaýyp döwrümiz, parahat ýurdumyz, Hormatly Prezidentimiziň diýarymyzyň bagtyýar çagalary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri belent heňlerde wasp edildi. Tans toparlarynyň joşgun bilen ýerine ýetiren tanslaram dabara gatnaşan çagalarda aýaratyn ruhy galkynyşy döretdi. Soňra dabara gatnaşan bagtyýar çagalar ýörite bezelen awtobuslara münüp welaýatyň ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri“ atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ugradylar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşan bagtyýar çagalar ýol ugra Mary şäheriniň gözel binalaryny synlap, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Bu ýere gurnalan gezelenjiň dowamynda çagalar muzeýiň ülkämiziň täsin tebigatynyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini açyp görkezýän bölümine aýlanyp, bu ýerdäki eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Şeýle-de taryhy ýadygärlikleriň aýratynlyklary we şol ýerlerde gazuw agtaryş işlerinde tapylan tapyndylar barada muzeý işgärleriniň beren gyzykly gürrüňlerinem bagtyýar çagalar üns bilen diňlediler. Soňra çagalar Mary welaýat kitaphanasyna baryp ol ýerde hem kitaphananyň muzeýine aýlanyp gördüler. Bu ýerde ýerleşdirilen dürli ylymlara degişli taryhy kitaplar, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik ýollaryna degişli maglumatlar, şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň sergileri bilen tanyş boldylar. Tomusky dynç alyşa çykan çagalar soňra Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän ,,Gadymy Merw“ taryhy-medeni döwlet goraghanasyna hem baryp gördüler. Bu goraghananyň taryhy ýadygärlikleriniň binagärlik aýratynlyklary, ol ýerde medeniýetiň gülläp ösenligi dogrusynda goraghananyň işgärleriniň beren gyzykly gürrüňlerini uly höwes bilen diňlediler hem-de özlerine gerekli maglumatlary topladylar. Çagalaryň tomuşky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmek maksady bilen gurnalan bu gezelençler bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu günki dabaralara gatnaşan bagtyýar çagalar ýoluň bütin dowamyny şadyýanlykda geçip ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri“ atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine geldiler. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyryna gelmekleri mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Dabarada sungatyň körpe muşdaklarynyň çaga kalplaryndan joşup ýerine ýetiren aýdymlary we tanslary täsirliligi bilen tapawutlanyp dabaranyň şowhunyny hasam artdyrdy. Bu ýerde çagalar öz deň-duşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, bagtyýar çagalygy, ajaýyp tomus paslyny taryplap ýerine ýetiren aýdymlaryny we tanslaryny şowhun bilen garşyladylar. Ýerine ýetirilen her bir çykyşlary bu günki çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Soňra çagalar uly ruhubelentlik bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň içine girdiler. Merkeziň girelgesinde-de çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Olaryň dürli saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin owazlary, şowhunly aýdymlary we döwrebap tanslary çagalara şatlyk paýlady. Soňra çagalar bu merkezde döredilen şertler bilen giňden tanyşdylar. Dünýä ülňülerine laýyk derejede gurlan bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, kompýuterler arkaly dürli oýunlar bilen gyzyklanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Bu ýerde dürli gurnaklar hereket edip, onda çagalaryň belli bir hünäre ugrukmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Gurnaklarda milli el işleriniň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň hem-de surat çekmekligiň inçe syrlary giňden öwredilýär. Merkeziň dürli çeper eserlere baý bolan kitaphanasy hem-de oýunlar we kompýuter otaglary öz wagtlaryny oýunlar dünýäsinde geçirýän şadyýan çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkeziniň sport zalynda hem sport enjamlarynyň uly toplumy bolup, olarda bu ýerde tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny sapaly geçirmäge gelýän ýaş nesiller beden saglyklaryny yzygiderli berkidýärler. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda edýän uly aladalarynyň giňden durmuşa ornaşdyrylýanlygyndan nyşandyr. Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň ýatýan tämiz otaglarynda hem ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu günki ajaýyp günde bu ýerde muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan giň sergi hem ony synlanlarda milli mirasymyza bolan buýsanjy artdyrdy. Merkeziň ýanaşyk ýerlerinde çaga dünýäsine mahsus guralan oýun meýdançasynda-da bagtyýar nesiller dürli oýunlara gümra bolýarlar. Bu ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlaryň çagalar bilen gyzykly oýunlary gurnamaklary we dürli mowzukdaky gyzykly kitaplary okap bermeklerem bu merkezde çagalaryň uly üns-alada, mähir bilen gurşalyp alynýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda çagalaryň durmuşynda şatlykly günleriň biri bolup ýatda galjak tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dabara gatnaşan çagalar ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sapaly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreginden joşup çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

14
14 01.06.2026
1-nji iýun - Çagalary goramagyň halkara güni

     Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda geçirilen dabaralar hem ýokary ruhubelentlige beslenip, ol welaýatyň bagtyýar çagalarynda şatlykly duýgulary döretdi. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de Medeniýet müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähinde geçirilen dabara hem baýramçylyk gününde çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň tomus paslynyň ilkinji gününde geçirilen bu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleri, mekdep okuwçylary hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz toparlary bagy-bossanlyga bürenip şähere görk berip oturan döwrebap seýilgähe toý ýörişi bilen geldiler. Seýilgähiň dabaralar merkeziniň çaga dünýäsine mahsus owadan bezelen sahnasynda bu günki çagalaryň baýramy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde welaýatyň etrapdyr-şäherleriniň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz, tans toparlary, şeýle hem çagalar baglarynda terbiýelenýän bagtyýar körpeleri döwrebap aýdym-sazly çykyşlaryny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Asuda, parahat ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda erkana ösüp ulalýan bagtyýar çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanmyzyň ösüşlerini, bagtly çagalygy, tebigat gözelliklerini hem-de tomus paslynyň şatlykly pursatlaryny wasp edip ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaranyň dowamynda çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň çeper höwesjeňleriniň hem-de ýaş zehinli sazandalaryň dürli saz gurallarynda çalan hoş owazly nagmalary hem dabara aýratyn şowhun berip çagalaryň ýüreklerini galkyndyrdy. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň durmuşynda ýatda galyjy günleriň biri boljak bu günki baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher geňeşleriniň gurnamaklarynda “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde hem-de welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde, seýilgählerde, çagalar üçin niýetlenilen medeni-dynç alyş merkezlerinde geçirilen baýramçylyk dabaralary hem turuwbaşdan ruhy galkynyşa baý boldy. Dabaralaryň dowamynda sungata höwesek çagalar özleriniň döredijilik älemindäki ussatlyklaryny görkezip ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary, dürli saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin owazlary we çaga dünýäsine mahsus degişme sahnalary baýramçylyk çäresine gatnaşan bagtyýar körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy. Dabaralaryň geçirilýän ýerinde ýaş suratkeşleriň tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny şöhlelendirýän surat eserlerinden giň sergileriň guralmagam dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Watanymyzyň gelejegi hasaplanýan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym, bilim, terbiýe almaklary, erkana ösüp ulalmaklary ugrunda ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň bu günki baýramçylyk gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar oýnap-gülýän çagalaryň ýüz gözlerindäki şatlyk alamatlary olaryň asuda, erkana Watanymyza, mukaddes topragymyza, Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny aýdyňlygy bilen görkezdi. Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen bu günki dabara gatnaşan bagtyýar çagalar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.        Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş Bilim müdirlikleriniň gurnamaklarynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirlen baýramçylyk çäresi hem çaga dünýäsine mahsus şatlyk-şowhuna beslendi. Bu dabara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamlarynyň we çagalar öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleri we olaryň saglyklaryny goramak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy welaýat çagalar öýünde uly mähir we alada bilen gurşalýan körpeleriň we çagalaryň çaga kalplaryndan joşup çykýan çykyşlaryna beslendi. Şadyýan aýdymlarda we tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrümiziň gül – gunçalary bolan çagalaryň bagtly geljegi hakynda edýän aladalary, bagtyýar çagalyk we çagalary goramagyň halkara güni giňden wasp edildi. Bagtyýar çagalaryň ajaýyp döwrümize mahsus ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Çagalary goramagyň Halkara gününde gymmat bahaly sowgatlary ellerine alan bagtyýar körpeler özleri barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

32
32 30.05.2026
Gurban baýramy dabaraly bellenilip geçildi

Sahawatly türkmen topragynda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň göwün göteriji toý çäreleri Mary welaýatynda hem ýokary ruhybelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar we Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat Medeniýet Müdürliginiň we welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslenip, göwünleri göterdi. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş töweregini bagtyýarlyk ruhuna beslän bu dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik ulgamynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynyň işgärleri we welaýatyň bagtyýar raýatlary ir säherden toý ýörişi bilen geldiler. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Milli Gurban baýramy adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän ulydyr. Toý meýdançasynda gurnalan bezemen ak öýler halkymyzyň sada dünýäsini, şahandazlyk we myhmansöýerlik däbini şöhlelendirdi. Baýramçylyk dabarasynda toý gazanlary atarylyp, milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. Guş gursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, pişme, etli çörek, ýagly çörek, petir ýaly dürli nygmatlary bolsa toý märekesine hödür – kerem edildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu baýramçylyk dabarasynda welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur esdrada aýdymçylarynyň, görnükli tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň Gurban baýramy mynasybetli taýýarlan göwün göteriji, döwrebap çykyşlaryna giňden orun berildi. Şatlyk-şowhun, uly buýsanç bilen ýerine ýetirlen çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzy ösdürmekdäki alyp barýan belent maksatly rowaç işleriniň waspy, musulman ymmatynyň hormat bilen belleýän Gurban baýramynyň özboluşly aýratynlyklary, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, eziz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri uly joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerde döredijilik toparlarynyň bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýan Gurban baýramynyň milli däp-dessurlaryny giňden beýan edýän folklor çykyşlary hasam täsirli boldy. Bu ýerde görkezilen joşgunly çykyşlaryň her biri ruhy tämizligiň baýramy bolan milli Gurban baýramyna halkymyzyň goýýan hormatynyň belent nyşanyny görkezdi. Toý ruhunda gurnalan belent hiňňilliklerde oglan-gyzlaryň batly uçmaklary päk niýetleriň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan Gurban baýramynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Turuwbaşdan ýokary ruhybelentlik häsiýetine eýe bolan dabarada welaýatyň ussat türgenleriniň arasynda türkmen göreşi, ýalyga towusmak, tanap çekmek ýaly milli oýunlaryň oýnalmagy, bagşy-sazandalaryň şirin owazly mukamlary çalyp aýdymlary aýtmagy toýuň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Giň gerimde ýaýbaňlanan baýramçylyk çäresinde bagtyýar nesilleriň çaga dünýäsine mahsus gyzykly oýunlary oýnamaklary Gurban baýramynyň ýokary guramaçylykda geçirilýändigini ýene bir ýola subut etdi. Halkymyzyň milli ruhuna ýugrulan toý meýdançasynda hatar tutup otyran alty ganat ak öýüň ýanynda milli lybasda geýnen ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz hünärli gollarynyň miwesi bolan haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriniň, kürte, çabyt, don, çäkmen ýaly milli el işleriniň, şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň, ezber elli ussalaryň yhlasyndan dörän milli saz gurallaryň, zergärleriň ussatlyk bilen ýasan şaý-sepleriniň we beýleki önümleriň baý sergisiniň gurnalmagy baýramçylyga aýratyn bezeg berip, bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Toý joşhunly dabara gatnaşan adamlar halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeldip, toý-baýramlaryny ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.  Suwhan Kulyýew

112
112 22.05.2026
Ganatly bedewleriň ýaryşy

Geçen ýekşenbe güni Mary atçylyk sport toplumy dabaralara beslenip, köp adamly boldy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän at çapyşygy şatlyk-şowhuna beslendi. Birinji çapyşyk üçýaşar bäş bedewiň gatnaşmagynda geçirilip, olar 1200 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu çapyşykda A. Garageldiýewiň hojalyk aty bolan Keramat atly gyr at öz ýyndamlygyny görkezdi. K. Garýagdyýewiň seýislän, T. Annaçaryýewiň ussatlyk bilen çapan bu aty pellehana 1 minut, 29,08 sekuntda gelmegi başardy. Gyzykly geçen ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilip, oňa 4 sany at gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda B. Rejepowyň hojalyk aty bolan Guwanar diýen gara at öňdeligi eýeledi. D. Amandurdyýewiň seýislän bu aty 1 minut, 39,71 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Oňa Ý. Amannazarow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.  Üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşyga bäş sany bedew gatnaşdyryldy. Onda Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan gara ata ýyndamlykda taý tapylmady. Bu atyň seýsi hem çapyksuwary bolan D. Amandurdyýew bolup, ol bellenilen aralygy 1 minut, 44, 41 sekuntda geçmegi başardy. Dördünji we bäşinji çapyşyklar dörtýaşar we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Dördünji çapyşyga dört bedew gatnaşdyryldy we G. Amanowyň hojalyk aty bolan Alçep atly dor at ýeňiji boldy. Ol bellenilen aralygy 2 minut,  9,93 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Y. Potraýew, çapyksuwary G. Ýazberdiýew. Bäşinji, jemleýji at çapyşygyna bolsa, 4 sany bedew gatnaşdyrylyp, olardan R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy diýen mele at pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän, B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk eden bu aty 1800 metr aralygy 2 minut, 0,33 sekuntda geçdi. Çapyşyklarda ýeňiji bolan bedewlere serpaý ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

117
117 22.05.2026
Uçurymlar üçin Marynyň taryhy ýerlerine gezelençler gurnaldy

2025–2026–njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da hem giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasyndaky  ýadygärliklerimize, Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda ýaşlara “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi, “Soltan-Sanjaryň” hümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň döreýşi, taryhy aýratynlyklary hem-de ýurdumyzda ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Uçurymlaryň Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleri hem täsirli boldy. Bagtyýar ýaşlar kitaphananyň, muzeýiň bölümlerine aýlanyp, türkmen halkynyň baý kitap dünýäsi, taryhy geçmişimiziň we tebigatyň täsin gözellikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar. Uçurymlar özlerinde galan täsirli gezelenjiň dowamynda gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar.

124
124 22.05.2026
Mary welaýatynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

        Şu günler ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem wagyz-nesihat çäreleri we maslahatlar yzygiderli geçirilip, olar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Mary welaýat Prokuraturasynyň, Mary welaýat Kazyýetiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň  bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, Saglygy goraýyş  ulgamynyň işgärleri, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Bu ýerde çykyş edenler gülläp ösýän Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli we arassa ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän giň göwrümli işler barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, adam saglygyna zyýan ýetirýän temmäki serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hem birin-birin durup geçdiler. Şeýle hem  il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Göwher Ataýewa.

118
118 19.05.2026
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler Mary welaýatynyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýatyň “Marguş” myhmanhanasynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilip, ol çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabara mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler  gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynda şadyýanja çagalar özleriniň buýsançly kalbyndan çykýan şirin aýdymlaryny we ajaýyp tans çykyşlaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda çaga dünýäsine mahsus bolan dürli çykyşlary görkezilmegem çagalaryň ýüreklerini joşdurdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň göwün joşduryjy çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada edýän aladalaryň, bagtyýar Watanymyzyň waspy aýratyn beýan edildi. Bagtyýar çagalar özleri üçin döredip berýän giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler. Aýgül Berdiliýewa.

58
58 19.05.2026
Behişdi bedewleriň mekany

TSTP-niň welaýat komiteti Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi  bilen  bilelikde  “Türkmenistan — behişdi bedewleriň mekany” at bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Ady agzalan orta  hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda guralan bu çäre işjeň häsiýete eýe bolup, oňa TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, telekeçiler, mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlary Göwher Gurtlyýewa, Hoşgeldi Berdimyradow çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde atçylygy ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Röwşen GELDIMYRADOW.

135
135 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

130
130 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

134
134 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

143
143 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

127
127 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

127
127 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

121
121 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

139
139 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

133
133 14.05.2026
Goşa  mukaddeslige buýsanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.   Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.   Myrat ATAÝEW. 

1637
1637 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1431
1431 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1688
1688 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1618
1618 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1571
1571 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1822
1822 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1358
1358 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1641
1641 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.