2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Stawropol ülkesiniň Blagodarnenskiý etrabynyň Edelbaý obasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) hem-de Edelbay obasynyň 14-nji umumybilim berýän orta mekdebiniň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Etrap häkimliginiň wekilleriniň, medeniýet we bilim işgärleriniň, şeýle hem türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan başlandy.
Soňra çärä gatnaşyjylar dürli döredijilik çykyşlaryny öz içine alan maksatnamany hödürlediler: çeper okaýyşlar, aýdymlar, saz hem-de folklor-tans çykyşlary.
Iň oňat çykyşlary ýerine ýetirenler Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.