Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Mary welaýatynda hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli medeni köpçülikleýin çärelere giň orun berilýär. Murgap etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçiren dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara etrabyň köp sanly ýaşaýjylary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny gurnadylar. Belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri, şeýle-de dost-doganlyk wasp edildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar türkmen medeniýetiniň şan-şöhradyny äleme ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Parahat Gurbanow








