Düýn welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähinde Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa dürli pudakda zähmet çekýän hem-de ylym bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Dabarada welaýatymyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Ýaňlanan şirinden-şirin mukamlar, ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Baýramçylyk konserti hemmeler üçin örän täsirli boldy. Onuň dowamynda bolsa, ylym bilen meşgullanýan hem-de dürli bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanan ildeşlerimize jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, olara ylym dünýäsinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Sülgün ŞADYÝEWA.