Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgama täze tehnologiýalar, innowasiýalar, sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata edilýän bank hyzmatynyň hilini ýokarlandyrýar.
Golaýda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý mekanynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasy tarapyndan sergi guralyp, tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň, bank edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. “Mary welaýatynyň bank ulgamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we döwrebap mümkinçilikler” atly sergi bu ýere ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.
Bu serginiň maksady ajap eýýamymyzda bank ulgamynda ilata edilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Mälim bolşy ýaly, bank ulgamyny sanlylaşdyrmakda degerli işler amala aşyrylýar. Bu bolsa sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ilata we hususyýetçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine itergi berýär. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.
Baýram AMANOW.








