Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly medeniýet öýünde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Mary etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň belent heňlerde ýerine ýetiren döwrebap aýdymlary, ajaýyp tanslary dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy. Olaryň eşretli zamanamyzy, türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülletmekde alyp barýan rowaç işlerini wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini göterip, olara egsilmez ruhy lezzet paýlady.
Dursun Ilbegiýewa.








