Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralar hem ýurdumyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralarynyň biri-de Baýramaly şäheriniň ajaýyp toý-dabaralar merkezinde şäher we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň şäher, etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň şäher, etrap bölümleriniň bilelikde gurnamagynda “Hemişelik Bitaraplygymyz – buýsanjymyz hem-de guwanjymyz” ady bilen geçirildi. Dabara Baýramaly şäher hem-de etrap jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň wekilleri, bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler we mugallymlar gatnaşdylar. Dabarada aýdymdyr-sazlar, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna utgaşyp baýramçylyk joşgunyny emele getirdi. Baýramaly şäher, etrap medeniýet merkezleriniň bagşydyr sazandalarynyň, çagalar sungat mekdebiniň ýaşajyk aýdymçylarynyň, hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tans we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary toý joşgunyna has-da öwüşgin goşdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň dürli dillerde ýerine ýetiren aýdymlaram dabara gatnaşanlaryň has-da göwnüni göterdi. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren daşary döwletleriň milli tanslaram ýatdan çykmajak pursatlary özünde jemledi. Ýaňlanan belent heňli aýdymlarda asuda, abadan durmuşumyz, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan parahat Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan beýik işleri, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de Hemişelik Bitaraplygymyz uly joşgun bilen wasp edildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat Beglanow.








