Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda ençeme işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň çäginde döwrebap şäherçeler gurulýar. Munuň özi türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy ugrunda edilýän beýik işlerdir.
Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy biziň ählimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen bu şäherçede çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýüniň, hassahananyň we başga-da birnäçe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmegi buýsanjymyzy artdyrdy. Döwrebap, täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy halkymyzyň rahat durmuşynyň alamatydyr. Munuň üçin biz — medeniýet işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Akmyrat ÝAKUBOW.
Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşligindäki Talhatan baba oba medeniýet öýüniň çäre gurnaýjysy.








