2026-njy ýyly “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp “Sarpasy belent gerçekler” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu medeni çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň agzalary, medeniýet işgärleri, we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar. Bu sergide Beýik ýeňişi tarypyny ýetirip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Suwhan Kulyýew.








