Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4—8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň gürrüňi edilýän halkara maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Merdan ORAZMEREDOW.