Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanyp ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudagynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň ösüşli menzillere rowana bolmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly işler ýola goýulýar. Şol sanda, halkara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha berkeýär. Şu ýylyň dowamynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe döwletlere amala aşyran iş saparlary häzirki wagtda alnyp barylýan ykdysady, diplomatik hyzmatdaşlyklarynyň mundan beýläk-de rowaç aljakdygyna doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, işjeň hem hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň geljekde has-da pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.
Amandurdy ŞADYÝEW.








