Ýakynda şeýle at bilen welaýat kitaphanasynda kitaphananyň hem-de Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýetde — nurana geljek” ady bilen maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akmaral Sammyýewa, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülnur Muhammedowa hem-de şol mekdebiň talyplary Gülkamar Saragytlyýewa, Gurbanmyrat Muhadow, Mähriban Merdanowa, Enejan Gulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda beýik işleriň ýola goýulýandygy, bular babatynda söz açýan ajaýyp kitaplaryň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülendigi, olaryň giň many-mazmuna eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, talyplar sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän ajaýyp goşgulary okadylar.
Altyn GAŞLAKOWA.








