Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym
weather mary 8° C Mary
weather mary 8° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym

155 11.02.2026

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Toýmyrat Gurbanow.

18
18 11.03.2026
Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly - ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna görüm-görelde

      Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dürli medeni çärelerdir, dabaraly duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary şäherindäki Bagt köşgi toý mekanynyň dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň guramagynda „Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly- ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna görüm-görelde „ ady bilen dabaraly duşuşyk söhbetdeşligini geçirdi. Bu dabaraly duşuşykda medeniýet we sungat ussatlary mähriban zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazyň belent owazyna beslenen bu dabaraly duşuşyga  gatnaşan zenanlar milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly hem-de onuň maşgala ojagyndaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem  türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk  ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bu dabaranyň geçirilýän ýerinde ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän türkmen zenanlaryna mahsus bolan el işleriniň dürli görnüşleri, döwrebap toý lybaslarynyň we owadan şaý – sepleriň nusgalyk görnüşleri, nepislik bilen taýýarlanan türkmen keçeleri, halypa halyçylaryň ezberlik bilen dokan halylary we haly önümleri,  şeýle-de täsin nagyşlanan gap-gaçlardan guralan sergi hem dabara millilik ruhuny çaýdy. Ajaýyp döwrümiziň bagtly zenanlarynyň dabaranyň dowamynda ümä üýşüp el işlerini ýerine ýetirip oturan pursatlary bolsa has-da täsirli bolup, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy. Dabaraly duşuşyga gatnaşan bagtyýar zenanlar türkmen zenanlaryna belent hormat-sarpasy üçin Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

19
19 09.03.2026
Halkara Zenanlar güni Mary welaýatynda ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

        Tutuş ýurdumyzy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda şatlykly dabaralara besläp gelen 8-nji mart - Halkara Zenanlar güni Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlikde, guramaçylykly bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mähriban gelin – gyzlaryna we mährem enelerine iberen baýramçylyk gutlagy we sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren zenanlara “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmagy welaýatyň ähli bagtyýar zenanlarynyň köňül – kalbyny joşduryp, baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Şu şanly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda baýramçylyk dabarasy geçirilip, ol egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Ýokary ruhubelentlikde geçen baýramçylyk dabarasyna welaýatyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin – gyzlary, önümçiligiň öňdebaryjy işewür zenanlary, mukaddes maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan bagtyýar zenanlar  hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çykyşlarda Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar hem belentden ýaňlandy. Şatlyk – şowhuna beslenen bu dabarada çykyş eden bagtyýar adamlar özleri barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna goýýan hormat – sarpasy hem-de işewür zenanlaryň döwletimiziň ösüşlerine we özgerişlerine goşýan mynasyp goşantlary barada aýratyn durup geçdiler. Zeminiň görküne deňelýän eziz eneleri hemem bahar bägülleri kimin nurana, bagtyýar zenanlary 8-nji mart - Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan, sekiz we şondan köp çagany kemala getirip, terbiýeläp ýetişdiren welaýatyň bagtyýar zenanlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk gününde şa sowgadyna eýe bolan bagtyýar eneler halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkymyzyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýlede şa serpaýyna mynasyp bolan zenanlara baharyň ter bägülleri gowşuryldy. Soňra Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi – sazly baýramçylyk çykyşlary bilen başlanan baýramçylyk dabarasynyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ussat aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň göwün göteriji çykyşlary bilen utgaşdy. Hemmeleriň köňül – kalplarynda şatlykly duýgulary oýaran täsirli çykyşlaryň ählisinde agzybir türkmen halkymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleriniň, gelin – gyzlarymyzyň we güler ýüzli enelerimiziň waspy giňden ýetirildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran aýdym – sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ajaýyp şirin mukamlary bolup ýaňlandy. Parahat Gurbanow.

16
16 09.03.2026
Zemin bezegi siz, bahar bägüli, ülkämiziň bagtyýar gelin – gyzlary

       Güneşli diýarymyzyň ähli künjegini egsilmejek şatlyklara beslän Halkara Zenanlar gününiň dabaraly çäreleri Mary welaýatynda hem belent tutumly toý dabaralary bilen bellenilip geçildi. Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň guramagynda welaýata görk berip duran ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy-da ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna goýulýan belent hormat – sarpanyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we dürli kärlerde zähmet çekýän işewür zenanlar, gül meňizli gelin – gyzlar we kümüş saçly eneler pasyllaryň soltany bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara Zenanlar gününiň – 8 – nji Mart baýramçylygynyň şanyna geçirilen bu dabaranyň arzyly myhmanlary boldular. “Zemin bezegi siz, bahar bägüli, ülkämiziň bagtyýar gelin – gyzlary“ diýlip atlandyrylan bu baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň tutuşlygyna baharyň ajaýyp gül – çemenleri bilen bezelmegi dabara gatnaşýan bagtyýar zenanlaryň göwünlerini joşdurdy. Baýramçylyk çäresini bezäp oturan gülden näzik göwünli zenanlar we gelin – gyzlar bir – biregi Halkara Zenanlar güni bilen mähirli gutlap, ýurdumyzyň gelin – gyzlary, mährem eneleri barada uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bellenilýän bu dabarany welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, tanymal aýdymçylary, ussat tans toparlary, ýörite sazçylyk we çagalar sungat mekdepleriniň zehinli ýaşlary, döwrebap çagalar tans toparlary özleriniň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym – sazly çykyşlary bilen bezediler. Ajaýyp döwrümiziň ruhuna laýyk derejede belent heňlerde aýdylan aýdymlaryň, ýaňlanan şirin mukamlaryň, ýerine ýetirilen folklor çykyşlaryň we döwrebap tanslaryň şatlyk – şowhuny uzaklara ýaň salyp, dabara gatnaşýan bahar bägülleri deý görkli gelin – gyzlaryň kalbynda egsilmejek toý şatlygy döretdi. Göwünleri galkyndyrýan baýramçylyk çykyşlarynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlaryň zähmeti, bagtyýar durmuşy hakynda amala aşyrýan rowaç işleri, edep – terbiýäniň mekdebi hasaplanylýan mährem enelerimiz we döwrümiziň eşretli günleriniň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlarymyz giňden wasp edildi. Dabarada ýaş nesiller hem edep-terbiýede, zähmetsöýerlilikde görelde mekdebi bolan mährem enelere baharyň ter bägüllerini gowşuryp, olary baýramçylyk mynasybetli gutladylar. Boýdan başa ýokary ruhubelentlige beslenen dabara gatnaşanlar ýurdumyzda zenan mertebesini beýge galdyryp, olara uly hormat-sylag edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözlerini Merjen Çaryýarowa.

17
17 09.03.2026
Enelere täze jaýyň açary gowşuryldy

8-nji mart baýramy – Halkara Zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň “Döwletli zaman” şäherçesinde köp çagaly bagtyýar eneleriň täze göçüp baran ýaşaýyş jaýlarynda tutulan toýlar bilen utgaşdy. Bu döwrebap şäherçede welaýatyň ýaşaýjylary bolan hem-de sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren, Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup geňeşliginiň ýaşaýjysy Hommadowa Täjigözel hem-de Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň ýaşaýjysy Hojakowa Hajar bagtyýar ojaklarynda tutulan toýlaryň dabarasy alyslara ýaň saldy. Toýy gutlap gelen myhmanlar toý eýeleri tarapyndan mähirli we güler ýüz bilen garşylandy. Köp çagaly bagtyýar maşgalalara ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň sowgat berilmegi mynasybetli bu ýerde aýdym – sazlaryň şirin owazy belentden ýaňlandy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň,  estrada aýdymçylaryň, bagşylaryň ýerine ýetiren döwrebap çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il – ýurt bähbitli işleri, halkymyzyň bagtyýar geljegi barada edýän aladalary, türkmen toýunyň dabarasy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, bahar pasly kimin nurana gelin – gyzlarymyz, mährem enelerimiz beletden wasp edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlaryny bu dabaraly toýa gatnaşanlar dowamly el çarpmak bilen garşyladylar. Toý dabarasynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri we olaryň bagtyýar maşgalalaryny Halkara Zenanlar güni hem-de täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmekleri bilen gutladylar. Soňra toý dabarasynda sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren enelere we olaryň bagtyýar maşgalalaryna Hormatly Prezidentimiziň Şa sowgady bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu tolgundyryjy pursatlar bagtyýar eneleriň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly günleriň biri boldy. Täze jaýyň açaryny ellerine alyp, ony üç mertebe ýüzüne sylan bagtyýar maşgalalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlary olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan begenç hem buýsançlarynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Dabarada täze jaýlaryň eýeleri bolan bagtyýar eneler hem çykyş edip, baýramçylyk günlerinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyny sowgat berendigi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän çäksiz aladalary üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Bu ýerde folklor toparynyň halkymyzyň gadymdan gelýän jaý toýunyň dessurlaryny şöhlelendirip ýerine ýetiren şowhunly çykyşlaryny dabara gatnaşanlar dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bu bagtyýar maşgalalar üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Bu ýerde gelin-gyzlaryň tamdyra çörek ýapmaklary we milli tagamlaryň taýýarlanylyp, toýa gelen myhmanlara hödür edilmegi, bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus milli oýunlary oýnamaklary şu günki dabaranyň myhmanlarynyň şatlygynyny has-da artdyrdy. Bu günki jaý toýyna gelen myhmanlar soňra jaýlaryň içine aýlanyp, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, onda ýaşamak üçin döredilen giň mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Täze jaýlar tämiz we döwrebap otaglary dürli görnüşli hojalyk mebelleri, aşhana enjamlary we öý hojalygy üçin zerur bolan beýleki enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Bu bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň döwrebap ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli aladalaryň edilýänliginden aýdyň nyşandyr. Öý eýeleri bu günki baýramçylyk gününde toý saçagyny giňden ýazdylar. Naz-nygmatdan doly desterhanyň başynda hem täze ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalara gutlag sözleri beýan edildi. Baýramçylyk gününde Şa sowgadyna – täze ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalar halkymyzyň eşretli durmuşy barada edýän uly aladalary we ýurdumyzyň aýal – gyzlaryna, nurana ýüzli enelermize goýýan belent hormat – sarpasy üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk gününde köp çagaly bagtyýar eneleriň täze göçüp baran ýaşaýyş jaýlaryny gutlap gelen myhmanlara, ýaşululara we mährem enelere toý düwünçekleriniň gowşurylmagy hem halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde hem giňden dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şu günki baýramçylyk mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň şa sowgady bolan täze ýaşaýyş jaýyny almak bagty miýesser eden köp çagaly maşgalalaryň agzalary öý ojaklarynyň daş-töweregine bag nahallaryny oturtdylar. Parahat Gurbanow.

14
14 09.03.2026
Çagalaryň arasyndaky bäsleşik

        Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden buýrugy esasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda Mary welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ejeme sowgat” ady bilen döredijilik bäsleşigi Mary şäheriniň 29-njy çagalar bagynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigi 3 şertden ybarat bolup, körpeler bellenen şertler esasynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Şertleriň dowamynda körpeler öz mähriban ejelerine baýramçylyk sowgadyny ýasadylar, soňra sowgady labyzly beýan etdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertine laýyklykda körpeleriň ejelerimizi, enelerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekleri bäsleşige gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda çykyş eden körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dursun Ilbegiýewa.

16
16 09.03.2026
Dabaraly baýramçylyk

       Zeminiň lälesi, asmanyň aýy, ýüzümiziň tuwagy hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň baýramy bolan 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Mary welaýat, şäher häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu geçirilen dabaranyň dowamynda birek-birege mähirli gutlag sözleri aýdylyp, ýagşy arzuw-dilegler edildi. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän işewür zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly we tansly  çykyşlaryna  giň orun berildi. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda eşretli zamanamyz, Hormatly Prezidentimiziň zenanlarymyza goýýan hormat-sarpasy, ene mertebesi we türkmen gözelleriniň mylaýymlylygy giňden wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan zenanlaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny synlanyňda bolsa olaryň kalplarynda şeýle ajaýyp zamanany döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanç duýgulary aýdyňlygy bilen duýulýar. Maýa  Annameredowa.

12
12 09.03.2026
Şa sowgady gowşuryldy

       Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mährem enelerine, bagtyýar gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýrugyna laýyklykda Mary welaýatynyň ähli edara - kärhanalarynda, okuw jaýlarynda,  mekdeplerinde we çagalar baglarynda hem pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Ýurdumyzda uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän zenanlaryň baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerinde Hormatly Prezidentimiziň 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç bilen ýüzlerine sylýan edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançlary çäksizdir. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Şa sowgadyny ellerine alan işewür zenanlar Hormatly Prezidentimize özleriniň çuň ýüreklerinden çykýan alkyşly sözlerini beýan edýärler. Merjen Çaryýarowa.

16
16 09.03.2026
Mährem enelere sowgat

         8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, edara – kärhanalarynda zähmet çekýän gelin – gyzlara iberen baýramçylyk pul sowgadyny gowşurmak dabaralary Mary welaýatynyň hem ähli künjeklerinde uly ruhubelentlige beslenýär. Baýramçylygyň öň ýanynda welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde ýaşaýan mährem enelerimize hem Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk pul sowgatlary we ter çemenler jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.  Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç – buýsanç bilen ýüzlerine sylýan kümüş saçly eneler bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza zenan kalbyndan joşup çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Merjen Çaryýarowa.

37
37 06.03.2026
Sagdynlygyň  ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ýol açýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bähbitli netijesine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen Garaşsyz döwletimizde ilaty sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesinem berýär.  Döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygyna türkmen türgenleriniň  halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda döredilen giň mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Aýratynam,  halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan türgenlerimiziň üstünliklerine ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly,  hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere we tälimçilere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.  Azat ARSLANOW.  

42
42 06.03.2026
Işjeň  taýýarlyk  görülýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda jemgyýetimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu şanly  ýylymyzyň wajyp wakasy bolmak bilen, oňa taýýarlykly  barmak we  guramaçylykly  geçirmek üçin ähli  tagallalar  edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda öňde durýan saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu mesele boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisleri we ýygnaklary geçirmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakanyň talaba laýyk geçirilmegine hemmämiz saldamly goşandymyzy goşmalydyrys. Resul BAÝRAMOW.

41
41 06.03.2026
Bedew batly, at-myratly Watanym!

Ýolöten şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde guramagynda “Bedew batly, at-myratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Toýly ANYŞOW.

47
47 27.02.2026
Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat  bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.

93
93 26.02.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

43
43 26.02.2026
Toý-baýramyň  ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bu şygar halkymyzyň taryhy ykbalynyň, ruhy dünýäsiniň hem-de ýaşaýyş pelsepesiniň jemlenmesi hökmünde ulus-ilimizi galkyndyrdy. Bedew ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi buýsanjymyzy artdyrýar. Toýlaryň bezegi hasaplanylýan behişdi bedewlerimiz öz gözelligi, okgunly bady şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bolar. Bu festiwalda topar sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. Bu waka şanly ýylyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Şeýle-de, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we “Görogly” adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp görmegi, şol ýerde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy ildeşlerimizde uly guwanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. Bu duşuşyklar ýaşlaryň bedewlere bolan gyzyklanmasyny has-da güýçlendirdi. Milli Liderimiziň “At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde sowgat berilýändigini aýtmagy jemgyýetimizde gyzgyn goldaw tapdy. Bu sahawatly ädim çagalaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda, olaryň kalbynda mähir we watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen bu topary 3 million manat bilen sylaglamak baradaky Karary halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu goldaw toparyň döredijilik mümkinçiliklerini has-da giňeldip, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Behişdi bedewlerimiziň şöhratyna şan goşýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Maksat JANMYRADOW.  

41
41 26.02.2026
Taryha ýazylýan ýyllar

Ajaýyp ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki türkmen halky bedew atyny sarpalaýar, hormatlaýar. Milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr. Häzirki wagtda ajaýyp bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar.  Üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle buýsançly wakalara beslenýän Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegini arzuwlaýarys. Tawus DURDYÝEWA.

51
51 24.02.2026
Nusgalyk häsiýetler ündeldi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutanýerli zähmet çekýär. Şu tutumly işlere etrabymyzyň ýaşlary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şol bir wagtda biz düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerine-de uly üns berýäris.  Golaýda “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň ýygnaklar jaýynda “Ogul-atanyň dowamy, ini aganyň arkasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony  TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasy bilen bilelikde guradylar. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň we edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Onda Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň başlygy Emir Gowkyýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Rahmanberdi Mämmeýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sähra Ummalyýewa çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipeler hakda durup geçdiler. Ýaşlarda watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy, belent adamkärçiligi, halallygy, ynsaplylygy maşgala mukaddesliginiň ruhunda terbiýelemegiň hemişe derwaýysdygy barada täsirli gürrüň etdiler. Atageldi GURBANOW.

49
49 24.02.2026
Möhüm waka bagyşlanyldy

Bilşimiz ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, geçen Halkara we parahatçylyk ýylynyň jemini jemledi. Şu möhüm waka mynasybetli TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi we TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan maslahat geçirildi. Etrabymyzyň medeniýet öýünde geçirilen maslahata atlary agzalan guramalaryň işgärleri gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow çykyş etdiler. Olar 2025-nji ýylyň jemine bagyşlanan mejlisde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň ýokary zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenendigi barada gürrüň etdiler. Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde has jogapkärli wezipeleriň durýandygy dogrusynda durup geçdiler. Parahat HAŞYMOW.  

45
45 24.02.2026
Bedew batly, şan-şöhratly Watanym!

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda “Bedew batly, şan-şöhratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Maslahatda Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TDP-niň Mary etrap komitetiniň başlygy Muhammetgylyç Nepesow, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylandygy, ýurdumyzyň buýsançly wakalary, türkmen bedewiniň sarpalanyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýparça AKYMOWA.

1373
1373 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1158
1158 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1419
1419 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1325
1325 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1285
1285 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1491
1491 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1103
1103 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1317
1317 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.