Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýlar MYRADOWA