Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolmaklaryny, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri giňden wagyz etmek maksady bilen birnäçe çäreler yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmengala etrabyndaky medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýokarda atlary agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Babajan Muhammedow, etrap medeniýet bölüminiň başlygy Mergen Jumaýew, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akga Akgaýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan bimöçber işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar.
Ogulnar ANNAMUHAMMEDOWA.








