Şeýle at bilen etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Aýsoltan Hudaýberdiýewa, 3-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Oguljemal Annageldiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten ajaýyp ösüşleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi barada buýsançly gürrüň etdiler.
Sona GURDOWA.