“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän aýdym-sazly dabaraly maslahatlar ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem giň gerimde geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahat Baýramaly şäher Medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Öňe badalga berlen işler” ady bilen hasabat maslahat ýygnagy geçirildi. Bu maslahata mährem enelerimiz, etrap Zenanlar guramalarynyň işewür zenanlary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk, zenan wepadarlygy, ahlak gözelligi, ene-mamalarymyzdan miras galan millilik ýoluny dowam etdirmekde alnyp barylýan beýik işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle-de zenanlaryň çeper ellerinden dörän milli işlerini, ýürek buýsanjy siňen keşdeçilik sungatyny has-da kämilleşdirip geljekki nesillere miras goýulmagynda zenanlaryň, mährem eneleriň tutýan uly orny dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Soňra maslahata gatnaşanlar ör turup bilelikde ýurdumyzda zenan mertebesine, zenanlaryň çekýän zähmetine uly hormat goýan Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatyň dowamynda etrabyň medeniýet-sungat ussatlary, şirin labyzly aýdym-sazlary bilen şowhunly çykyş etdiler. Sahnada çykyş eden estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdymlarynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanmyzyň ösüşleri, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik ynsanperwer syýasatynyň waspy uly joşgun bilen beýan edildi. Sungat ussatlarynyň kalplara ylham beriji, göwün joşduryjy bu çykyşlary eziz halkymyzy bagtyýarlygyň bagt gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyş bolup ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara gatnaşanlar halkymyzy bolelin bagtly durmuşda ýaşadyp, döwlet ähmiýetli işleri durmuşymyza ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşly sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








