Gaharyň pirine Myrryh diýýärlermiş, ol gaharyňy getirýär.
Size oturmaga barmaýan dost seniň öz öýüne baranyňy isleýän däldir.
Ýorunjaň ýapragyny çaý demlän ýaly edip içseň, süýji kesele em bolarmyş.
Küremez — geçiniň süýdünden turşadylyp edilýän içgi, örän ýokumlymyş.
Çüýrän kädi maly öldürýär.
Haramdan harman bolmaz.
Eneden aýrylan ýetim, ilinden aýrylan — ýesir.
Doýaňsoň iýseň harammyş.
Jala geljek bolsa siňekler on iki sagat öň biri-birleri bilen «maslahatlaşýarlar» we adamlara habar berýärler.
Ýandak ýyl aşsa bede bor, syrkyn ýyl aşsa pide bor.
Ene ýaşaýyş diýmekdir.
Dost gaçsa taparsyň, özüňden gaçma dargarsyň.
Köp ýalbarýana ynanma!
Ejeň söýse çyn söýer, başgalar ýalan söýer.
Bogunlaryň duz ýygnan bolsa, anyklap kelem ýapragyny ýap.
Magsym — ylmy pir derejesine ýeten kişi.
Syry içinde saklaýana: “Halal adam” diýýärler.
Egri ganjykdan dogry güjük dogmaz.
At otuny eşege iýdirmez.
Mylaýym söze daş erär.
Akly az kişi göwün ýykar, özi bilmez.
Nany ýataňda başujuňda goýup ýatsaň, zyýan-zeperi kowýar.
Demri elliksiz tutma!
Ogul akylly bolsa, dagyň aňyrsynda duşakly bolsa-da, ejesiniň ýanyna barar.
Alaçaly ýag — toşabyň üstüne baggoýnuň guýruk ýagy deňe-deň goşulan iýmit.
Gözüňe dynç berjek bolsaň uzaga seretmeli.
Baýguşuň ölenini gören ýok.
Ýarganat çagalaryny arkasyna alyp göçürýär.
Gaplaň, ýolbars awuny bir bökende alyp bilmese, soň şoňa degenokmyş.
Birini öwenlerinde “Nanyň owuntygy ýaly” diýýärler.
Petir nan alan nandan peýdaly hem ýokumlymyş.
Sarç sygry, göläni birinji gezek sürä goşanlarynda boýnundan taýak — tokmak asýarlar. Ol ýerden çala süýrener eken. Ol tokmak mal sürä öwrenişýänçä dakylar ekeni.
Toplan
Esenmyrat BERDINAZAROW.








