“Ylmyň açary sowaldyr, soraň!” diýenler.
Ýalmawuz — süýji keseli.
Ýylanyň ýumurtgasyny towugyň aşagynda goýanyň bilen jüýje çykmaz.
Gorkup sakaw bolýan bar, gep yzarlama!
Alymy diňle, alym bolarsyň.
Ynanjaňlyk samsyklygyň bir görnüşi.
Ösümlik ekeni tanaýar, olar öz dillerinde gepleşýärlermiş.
Birinjim — bagtym, ikinjim — derdim.
Ejäniň ýogundan hassa ýatanam gowy eken.
Ýüregi bir kişi Ýemende bolsa-da geler.
Bu dünýäde ýeke dostum bar, meni taşlanok. Ol — göwnüm.
Dostuň bilen oýun etme!
Gatygyň ýagyny alansoňlar geçiniň hamyndan edilen tuluma guýýarlar, süzülip suwy çykýar, çekizesi galýar.
Geçiliniň baýanyny goňşusy bilmez.
Düýe boşansa, daş bolsa-da, botlan ýerine barýarmyş.
Planeta — azaşan ýyldyz.
Ýarnaçy bolmasaň baýamarsyň.
Ýaş ýorunja bilen ýaş mekgejöwen sygry çişirýär.
Toplan
Esenmyrat BERDINAZAROW.








