Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz we sungatymyz barha ösdürilýär. Halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna , milli medeniýetine , däp-dessuryna daýanyp ,ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgilerini artdyrmakda işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň , S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi hem-de Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde “ Belent tutup başlary öňe türkmen ýaşlary” atly gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar muzeýiň ähli gatlaryna aýlanyp tebigatyň täsinliklerini we gadymdan gelýän däp – dessurlarymyz, milli gymmatlyklarymyz hem-de köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar milli medeniýetimizi taryhy geçmişimizi öwrenmäne we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ülker ORAZGELDIÝEWA.








