Gadymy şäherlerdir galalardaky taryhy we binagärlik ýadygärliklerine, kerwensaraýlara, muzeýlere guralýan gezelençler raýatlarymyzda ýakymly täsir galdyrýar.
Golaýda TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň işgärleri, “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeýde işgärlerimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen «Gadymy Merw», onuň çägindäki biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly taryhy we binagärlik ýadygärlikler, öz gülläp ösen döwründe “Gündogaryň merjeni” diýlip atlandyrylan bu şöhratly şäher baradaky maglumatlar, dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerindäki tapyndylar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle gezelençleriň işgärlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.
Begmuhammet ATAÝEW.








