Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda täsirli gezelenç guraldy. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda guralan gezelenç oňa gatnaşyjylar üçin has-da täsirli boldy.
“Taryhy gymmatlyklarymyz — geçmiş mirasymyz” ady bilen guralan gezelençde ýaşlar türkmen halkynyň taryhy geçmişi, oba durmuşy, gymmatly hem taryhy eksponatlaryň ähmiýeti bilen içgin tanşyp, bu ýerde taryhy maglumatlaryň gözli şaýady boldular. Muzeýiň işgäriniň beren täsirli gürrüňleri ýaşlarda taryha bolan aýratyn gyzyklanmany döretdi.
Humaý AMANOWA.