Mirasa sarpa goýulýar
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Mirasa sarpa goýulýar

20 18.06.2025

Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Miras—                                          — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr. Enelerimiziň nesilden-nesle geçip gelen nusgalyk el işleri halkymyzyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny açyp görkezýär. Olaryň görnüşleri taryhy döwürlerden gözbaş alyp, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Biz şol gymmatlyklarymyza guwanmaga, olaryň görnüşlerini gaýtadan, täze döwrebap görnüşde dikeltmäge borçludyrys. 
Geçmişde enelerimiz tarapyndan dürli keteni, mahmal, begres, çepbetow, maldaýy matalary dokalyp, olardan milli donlaryň käbir görnüşleri tikilipdir. Olar “çabyt”, “pagtaly don”, “baldyz çäkmen”, “daraýy don” atlary bilen bellidir. “Mahmal don” ýönekeý tikilip, onuň teňňeler, çaprazlar bilen bezelen görnüşleri hem bar.
Milli donlarymyzyň biri hem “küleçe” donudyr. Küleçe gadymy söz bolup, “küle ýeri” ýa-da “gepiň külesi” diýmegi aňladýar. Küleçe donlarynyň biçüwi beýleki donlaryňka meňzeş bolsa-da, boýy we ýeňi, adyndan belli bolşy ýaly, biraz gysgarak bolupdyr. Şonuň ýaly-da, onuň bezegi, nagyş salnyşy beýlekilerden tapawutly bolýar. Küleçe mata böleklerinden düzülen üçburçluklar bilen bezelýär.
Şu günki günde enelerimiz, hatda gyz-gelinlerimiz “küleçe” donuny täzeçe bezegler bilen bejerip geýýärler. Ýurdumyzda her welaýatyň özüne degişli bejerilen nagyşlary, halaýan biçüwleri bar. Gymmatlyga öwrülen milli senedimiziň  eýeleri bolan mähriban enelerimiziň el bilen eden işleri muzeý ekspozisiýalarynda we gaznalarynda aýawly saklanylýar. Biz gülleýän Watanymyzda zenanlarymyzyň edýän el işleriniň has-da kämilleşip, asyrlara aşmagyny arzuwlaýarys.
Ajaýyp Watanymyzda milli mirasymyzy dowam etdirmekde, dünýä ýaýmakda bitirýän mukaddes işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.
Bahargül HOJANYÝAZOWA.

6
6 19.06.2025
Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça ýaryş geçirildi

Şu günler welaýatymyzyň esasy şäheri bolan Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda futbol boýunça ýaryşlar geçirilýär. Düýn Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryş hemmeler üçin diýseň gyzykly boldy.   Türkmenistanyň ýokary liga futbol toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda  “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Merw” hem-de Balkan welaýatynyň “Şagadam” futbol toparlary duşuşdylar.  Gyzgalaňly geçen ýaryşda iki toparyň oýunçylary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde  “Şagadam” futbol topary “Merwi” 4:1 hasabynda utdy.

4
4 19.06.2025
BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MÖWSÜMI

Tomus. Bu ajaýyp pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, körpeler bu pasylda okuw möwsümini tamamlap, dynç alyş möwsümine geçýärler. Olaryň hersine özüçe dynç almaga pursat döreýär. Her bir mekdep okuwçysy öz boş wagtyny dürli-dürli geçirýär. Biri oba gezelenje gitse, beýlekisi öýde ene-atasyna kömek edýär, öz söýgüli güýmenjeleri bilen meşgullanýar. Ýöne käbir çaga öz tomusky dynç alşyny ýurdumyzdaky dynç alyş merkezlerindedir meýdançalarynda geçirýär. Ol ýerde öz deň-duşlary bilen oýnap, dürli ýaryşlara gatnaşyp, özara bäsleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalaryň şatlanyp, oňat dynç almagy üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem giň mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ilkinji gününden merkeze gadam basan mekdep okuwçylary öz deň-duşlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar birek-birek bilen dürli oýunlary oýnap, guralýan sport ýaryşlaryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Mundan başga-da, biziň welaýatymyzyň bagtyýar çagalary ýurdumyzyň syýahatçylyk zolagyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezlerine hem dynç almaga gidýärler. Bu ýerlerde-de mugallymlar çagalaryň oňat dynç almagy üçin dürli oýunlary, gözel tebigatymyza gezelençleri gurnaýarlar. Olar körpeleriň aň-düşünjesiniň hemmetaraplaýyn ösmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Sülgün ŞADYÝEWA.

5
5 19.06.2025
Agyr atletikaçylarymyzyň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde tejribeli tälimçilerden tälim alýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Olar ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy türgenleşip, etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar. Muňa agyr atletika boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen ýaryşda türgenlerimiziň gazanan üstünligem şaýatlyk edýär. Agyr atletika boýunça Türkmenistanda birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda-da türgen ýaşlarymyz gowy netijeleri gazandylar. Agyr atletikaçylarymyz Gülzada Berdimuhammedowa 1-nji, Bahargül Döwletowa 2-nji, Jeren Ýeňişowa we Rahat Kuwwadow 3-nji orunlara mynasyp bolup, toparymyzyň üstünligine saldamly goşantlaryny goşdular. Şatlyk DURDYGYLYJOW.

0
0 20.06.2025
Ýaşlar — döwrüň geljegi

Ýakynda S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýaşlar — döwrüň geljegi» ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri, ýokarda ady agzalan orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hünärmeni Humaý Amanowa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljeren Gaýypowa, orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Läle Sahyýewa, Güljan Durdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Watanymyzyň ösüşleri, ýaşlar hakyndaky yzygiderli alada, döwrebap nesliň kemala gelmegi üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Annagözel SARYÝEWA.

1
1 19.06.2025
Kitap bilen açalyň biz dünýäni

Ýakynda TMÝG-niň welaýat, Garagum etrap geňeşleri, Garagum etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde ösüp gelýän nesilde kitap okamaga bolan söýgini artdyrmak, kitap okamagyň peýdaly täsirlerini körpe nesillere ýetirmek maksady bilen Garagum etrabyndaky 5-nji çagalar bagynda etrapdaky çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda “Kitap bilen açalyň biz dünýäni” ady bilen kitap şüweleňini geçirdiler. Bu çärede merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy Aýna Akmämmedowa çykyş etdi. Ol kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplaryň many-mazmuny barada körpe nesillerimize gürrüň berip, bu ýerde guralan kitap sergisindäki kitaplar bilen tanyşdyrdy. Aýratynam, körpelerde kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni özüne çekdi. TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgäri Gülnar Gurbanmyradowanyň çagalar üçin ýazylan goşgulary labyzly okap bermegi olarda has-da uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da çäräniň dowamynda körpeleriň haýsy kitaplary okandyklary barada sowal-jogap alşyldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Hojaberdi BABAÝEW.

4
4 19.06.2025
Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk» ady bilen aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bibihatyja HATAMOWA.

4
4 19.06.2025
Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow açdy we alyp bardy. Şeýle hem onda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, “Maru — şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Yhlas Amanmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy Sytdyh Rahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şemşat SAÝLYÝEWA.

3
3 19.06.2025
Galla - 2025

Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi daýhanlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp zähmet çekýän etrabymyzyň gallaçy kärendeçileri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda 12 müň 300 gektar meýdanda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Etrabyň gallaçy daýhanlary galla ekilen meýdanlardan 25 800 tonna galla hasylyny almagy meýilleşdirýärler. Ýetişdirlen galla hasylyny ýygnamakda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary hilli kombaýnlarynyň 26-syndan netijeli peýdalanylýar. Möwsümde galla daşajak tehnikalar hem doly gözden geçirilip, galla hasylyny ýitgisiz ýygnamakda netijeli işleri amala aşyrýar. Ýakynda TKA-nyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň, etrap ýangyn howpsuzlyk müdirliginiň we etrap ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň bilelikde guramagynda, etrap “Obahymat” önümçilik kärhanasynda galla oragyna gatnaşýan işgärler bilen okuw-maslahat geçirildi. Etrapda ilkinjileriň hatarynda bellenilen meýilnamany ýerine ýetiren öňdebaryjy kärendeçiler, kombaýn sürüjiler we galla hasylyny daşaýan mehanizatorlar etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanýar. Etrabyň zähmetkeşleriniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylynda ýetişdirilen bol galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap alyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyna we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barjakdyklaryny ynam bilen aýtmak bolar. Rozymuhammet ARTYKOW.

4
4 19.06.2025
Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk» ady bilen aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bibihatyja HATAMOWA.

4
4 19.06.2025
Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow açdy we alyp bardy. Şeýle hem onda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, “Maru — şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Yhlas Amanmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy Sytdyh Rahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şemşat SAÝLYÝEWA.

18
18 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

11
11 18.06.2025
Dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we   hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady. Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly   Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

31
31 17.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýar lanyldy.

21
21 16.06.2025
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!   Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.   Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmek bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berýäris. Ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli serişdesi hasaplaýarys.   Hormatly ýaryşa gatnaşyjylar!   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe hem-de sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri we beýleki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär.   Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.   Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!   Küşt oýny gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynda orun alan bu oýun sport görnüşi hökmünde giňden tanalýar. Küşt oýny geçmişde «sadranç», «şahmat» ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Ol has irki döwürlerde güýmenje hökmünde döräp, wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşipdir. Küşt bilen 5 — 8 ýaşlarynda meşgullanyp başlan çagalaryň geljekde üstünlik gazanmak mümkinçilikleri has ýokarydyr. Sebäbi şol ýaşda çagalar küşt sungatynyň islendik çylşyrymly tilsimlerini özleşdirmäge ukyplydyr. Öz başarnygyňy her gün kämilleşdirmäge taýýar bolmaly. Çünki ussatlyga barýan ýol zähmeti hem tutanýerliligi talap edýär. Ussady halypa tutunyp, öwrenmegiň netijeli maksatlaryny öňde goýmak hem geljekki üstünlikleriň möhüm şertidir.   Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde küşt oýnuna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmen türgenleriniň küşt boýunça iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän guwandyryjydyr.   Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!   Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen halkynyň myhmansöýerligine göz ýetirjekdiklerine we olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakynda ýakymly duýgularyň saklanyp galjakdygyna berk ynanýaryn.   Sizi sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, sportda we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp sport baýramçylygy dostlugy, sagdynlygy we ruhubelentligi dünýä ýaýsyn!   Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

27
27 13.06.2025
Dünýä nusgalyk göreldämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna eýerýänligini ýene bir gezek subut etdi. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa, köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny, agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý-mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagt. Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bähbitli işleri rowaç alsyn! Şemşat SAÝLYÝEWA.

388
388 20.05.2025
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwrüň we siwilizasiýalaryň baglanyşygy” atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň binasynda guralan forum ylmy jemgyýetçiliginiň görnükli wekillerini, hususan-da N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň we beýleki ylmy merkezleriniň işgärlerini, bilermenleri, gündogarşynaslary, arheologlary we etnograflary bir ýere jemledi. Halkara maslahata gatnaşyjylar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini nygtadylar. Türkmen halkynyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy umumadamzat gymmatlyklaryny, howpsuzlygy, durnukly ösüşi ilerletmek babatda BMG bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň we giňeltmegiň şöhratly ýoluny alamatlandyrýar. Şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni we taryhy mirasyny, hususan-da Goňurdepäniň we Nusaýyň özboluşly arheologiki toplumlaryny öwrenmegiň we wagyz etmegiň möhümdigi bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň çäklerinde dürli arheologiki barlaglarynyň geçirilýändigi, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhyna, onuň adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine ägirt uly goşant goşandygyna, Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda ençeme döwletleri gurandygyna we üstünlikli ösdürendigine şaýatlyk edýän gaýtalanmajak gymmatlyklaryň öwrenilýändigi we dikeldilýändigi barada aýtdylar.

286
286 20.05.2025
Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady

2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär. Dostlukly çäre hem-de Gruziýa tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy doganlyk türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň we däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşanydyr.

394
394 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

352
352 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

433
433 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

396
396 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

366
366 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

472
472 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

326
326 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

345
345 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.