Golaýda etrap medeniýet bölüminiň mejlisler zalynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, medeniýet we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk milli mirasymyzyň özboluşlylygyny, halkymyzyň medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamak we giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.
“Milli miras — nesillere görelde” atly wagyz-nesihat duşuşygynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa, etrapdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow, etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň medeni mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna uly sarpa goýýandygy, ýaşlaryň edepli-ekramly bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar däp-dessurlarymyzy has-da ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Babajan MUHAMMEDOW.








