Golaýda «Mary» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy» atly maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň wekilleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer oba medeniýet öýüniň müdiri Aýdogdy Allakulyýew, Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakulyýew, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň biziň welaýatymyzda-da barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy, şeýle hem bu umumymilli forumyň demokratiýamyzyň dabaralanmasy boljakdygy barada buýsançly belläp geçdiler.
Şeýle hem maslahatyň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Maýa AKMYRADOWA.