Meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara

696 26.02.2025

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpasy halkymyzyň ruhy dünýäsiniň arşy belentliklerini kesgitleýär.

Milli medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşan şahsyýetleriň nesillere göreldeli döredijilik ýolunyň öwrenilmegi, atlarynyň ebedileşdirilmegi, olara bagyşlanan dürli dabaralaryň, ýubileýleriň geçirilmegi türkmen sungatynyň şamçyrag kibi keşbini emele getirýär. Ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmen bilbili» ady bilen ýurdumyzdan daşarda-da uly meşhurlyga eýe bolan opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewadyr. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň taryhy künjekleriniň biri bolan Kerki şäherinde meşhur aýdymçynyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabara hem sungat ussadyna döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrüldi.

Kerki etrap medeniýet merkezinde geçirilen ýubileý dabarasy meşhur aýdymçynyň ýurdumyzyň çar künjünden muşdaklaryny we myhmanlaryny ýene-de ussadyň owazlar dünýäsine seýle çykardy. Aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabaranyň geçirilýän ýeri hökmünde Kerki şäheriniň saýlanyp alynmagy-da tötänlik däldir. Ussadyň bu gadymy şäherde doglandygyna, çagalyk ýyllarynyň şu ýerde geçendigine etrabyň ýaşaýjylary buýsanýarlar.

Özüniň gaýtalap bolmajak owazly aýdymlary bilen dünýäniň Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Hindistan, Kanada, Şwesiýa ýaly döwletleriniň aýdym-saz muşdaklaryny bendi eden opera aýdymçysynyň ýubileýine bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni mirasy öwrenmek bölüminiň müdiri Jemile Gurbanowa, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, aýdymçynyň türkmen milli sungaty bilen aýrylmaz baglanyşykly ömri, zähmetsöýerligi, gaýtalap bolmajak zehini barada aýdyp geçdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly diňe bir türkmen kompozitorlarynyň döreden sungat eserleri däl, eýsem, dünýäniň belli kompozitorlarynyň aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna öwrülen aýdymlaryny ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetiren Medeniýet Şahberdiýewanyň Watanymyzyň aýdym-saz sungatynyň öňünde bitiren hyzmaty aýratyn uludyr. Ussat aýdymçynyň Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekip, zehinli ýaşlara aýdym aýtmaklygyň opera görnüşiniň inçe tilsimlerini öwredendigini hem çykyş edenler hoşallyk bilen ýatlap geçdiler.

Ýubileý dabarasyndaky çykyşlaryň dowamynyň aýdym-saz bilen utgaşmagy bu dabara aýratyn röwüş çaýdy. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen ussat aýdymçylar – Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýewiň, Gözel Öwezowanyň, ussat opera aýdymçylary Leýla Resulowanyň, Gözel Annahanowanyň meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlaryny, şonuň bilen birlikde Weli Muhadowyň «Ganly saka», Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operalaryndan ariýalary ýerine ýetirmekleri meşhur aýdymçynyň döredijilik ýolunyň ynamly dowam edýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Konsertiň dowamynda Kerki etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Astanguly Möwlamberdiýewiň we beýlekileriň aýdan aýdymlary hem dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Ýubileý dabarasynyň geçirilýän ýerinde Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligi barada söhbet açýan surat sergisiniň guralmagy, medeniýet merkeziniň girelgesinde ussat aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlary ýazylan wideoşekilleriň goýulmagy dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Ussat aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjy myhmanlar medeni mirasymyza, meşhur sungat ussatlarymyza goýýan bimöçber sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

0
0 06.07.2026
Türgenleriň ýaryşy

Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherinde ýerleşýän 4-nji sport mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň kiçi Taý-boks  görnüşi  boýunça bäsleşik geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça özara güýç synanşan okuwçylar oňat netije görkezdiler we okuwlaryndan boş wagtlary sport bilen yzygiderli türgenleşip, beden taýdan taplanýandyklaryny öz ezberlikleri bilen subut etdiler.

0
0 06.07.2026
Çagalar üçin örän täsirli boldy

        Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Mary welaýatynda ýerleşýän "Arkadagyň bagtyýar nesilleri" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Mary şäher häkimliginiň, welaýat baş Bilim müdirliginiň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz Baky bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym - sazly dabara we sport çäresi geçirildi. Bu çärä gatnaşan çagalar, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. Suwhan Kulyýew.

0
0 05.07.2026
Saz-söhbetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna we ýurdumyzyň ösüşlerine bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa

0
0 05.07.2026
Şowhuna beslenen dabara

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Mary welaýatynda hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli medeni köpçülikleýin çärelere giň orun berilýär. Murgap etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçiren dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara etrabyň köp sanly ýaşaýjylary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny gurnadylar. Belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri, şeýle-de dost-doganlyk wasp edildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar türkmen medeniýetiniň şan-şöhradyny äleme ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Parahat Gurbanow

80
80 02.07.2026
Döwrebap taslamalar, elýeterli bahalar

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlary gollamak bilen halkymyzyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerine bolan islegleri barha artýar. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly mebel önümleri hususy kärhanasy hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dürli görnüşli mebel önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, amatly şertlerden peýdalanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly hususy kärhanasynyň hünärmenleri halkymyzyň mebel önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap mebelleri öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Agaç önümlerini timarlaýjy, kesiji, bantlaýyjy we bezeg işlerini ýerine ýetiriji Türkiýanyň ösen, kämil enjamlaryň tejribeli agaç ussalary tarapyndan sazlaşykly işledilmegi netijesinde müşderileriň ösen talaplaryna laýyklykda her günde dürli görnüşli, dürli ölçegdäki mebel önümleriniň birnäçesi taýýarlanylýar. Kärhanada eli hünärli agaç ussalarynyň taýýarlaýan mebel önümleriniň hatarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanhana, aşhana we iş otaglary hem-de çagalar otaglary üçin niýetlenen mebelleri, dürli ölçegdäki ýumşak mebelleri, edara – kärhanalar üçin taýýarlanan ýörite mebelleri görkezmek bolar. Bu mebeller ösen tehnologiýalar arkaly kärhananyň ussat hünärmenleri tarapyndan döwrebap taslamalar taýýarlanyp, müşderileriň sargytlary esasynda ýerine ýetirilýär. Sargytlar arkaly öndürilen mebeller kärhananyň ýurdymyzyň ähli welaýatlaryna eltip, gurnap bermek hyzmaty hem ýola goýulan. Eýýäm 11 ýyldan gowyrak wagt bäri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp halkymyza ýokary hilli mebel önümleri bilen hyzmat edip gelýän bu kärhanada öndürilýän mebeller elýeterli bahalardan hödürlenýär. Bäsleşige ukyply harytlar bolmak aýratyn tapawutlanýan bu önümleriň harytlyk çig mallaryň esasy bölegi öz ýurdymyzdan we daşary ýurtlardan hem sargytlar arkaly getirilýär. Kärhananyň ussat ussalary bir aýda 195 kwadrat metr çig maly işläp önüm öndürmekde netijeli zähmet çekýärler. Bu kärhanada esasan ýaşlaryň zähmet çekmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da joşgunly zähmet çekýän hususy kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen şu günler mebel önümleriniň has döwrebap, täze görnüşlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Işewür telekeçiler özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Azat Beglanow.

79
79 02.07.2026
,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

       Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden  ,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça geçirilen tapgyry hem göwün göteriji duýgulara baý bolup, ol egsilmeýän ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinden gelen, bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda gollary hünärli zenanlar asyrlardan asyrlar aşyp, öz milliligini ýitirmän häzirki döwre gelip ýeten, türkmen halkynyň öýleriniň bezegine öwrülen türkmen keçesini taýýarlamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň talabyna laýyklykda oňa gatnaşan zenanlar ajaýyp döwrümiziň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly, türkmen milli keçelerini taýýarlamak işleriniň ýagny, ýüň saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, keçe gamşyny dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle hem türkmen keçesiniň gülleriniň aýratynlygy hem-de keçe önümleri bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, gyzykly rowaýatlary gürrüň bermek arkaly gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde zenan dünýäsine mahsus el işlerinden, owadan nagyşly keçelerden, haly we haly önümlerinden, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan milli şaý-seplerde guralan baý sergi hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Diýseň gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolanlar Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar we olar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlar halkymyzyň milli mirasyny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan we türkmen zenanlaryna döredijilikli zähmet çekmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.    Merjen Çaryýarowa.

127
127 27.06.2026
Dabaraly maslahat geçirildi

     Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Demokratik partiýanyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. ,,Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr” diýen at bilen geçirilen bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda zähmet çekýän sungat işgärlerine döredilýän ajaýyp şertler, türkmen medeniýetiniň döwrebaplylygy hem-de halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilişi dogrusynda buýsançly bilen bellediler. Bu ýerde sungat ussatlary hem çykyş edip özlerine döredijilikli zähmet çekmäne döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Belentden ýaňlanan her bir şirin aýdymdyr-mukamlarda  eziz Watanymyzyň ösüşleri, beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda alyp barýan belent maksatly işleri giňden wasp edildi. Merjen Çaryýarowa.                                            

97
97 27.06.2026
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyldy

      Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýokary ruhubelentlige beslendi. “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen toý meýdançasynda gurnalan bu dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpsanly bagtyýar ýaşaýjylar uly rububelentlikde gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada welaýatyň medeniýet – sungat ussatlary we  bagşy – sazandalary, estrada aýdymçylary özleriniň döwrebap çykyşlary, aýdym – sazlary bilen toý mähellesiniň göwünlerini göterdi. Toý meýdançasynyň bezelen sahnasynda çykyş eden sungat ussatlarynyň  hoş owazly aýdym – sazlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň, bagtyýar döwrümizde giňden bellenilýän toý – baýramlaryň şatlygy, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy uly joşgun bilen wasp edildi. Tans hem-de folklor toparlaryň ussatlyk bilen janlandyran folklor eserlerinde, ajaýyp tanslarynda milli ýol – ýörelgelerimize belent sarpa goýýan türkmen halkymyzyň däp – dessurlary aýratyn şöhlelendirildi. Göwün göteriji bu dabaranyň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi sazly kompozisiýasy hemmelerde şatlyk-şowhun döredip, baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy. Şatlyk – şowhun bilen ýerine ýetirlen her bir çykyş dabaranyň şowhunyny artdyryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň aladasyny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar her bir güni ösüşlere beslenýän bagtyýar döwrümizde milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýýan, döredijilik işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa.

82
82 27.06.2026
Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy

           Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu şanly senä bagyşlanyp Gündogaryň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Mary şäheriniň iň bir gözel künjeginde oturdylan nurana heýkeliniň öňündäki toý meýdançasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tutumy uludan tutulan bu baýramçylyk dabarasynyň başy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak çäresinden başlandy. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şahyryň pähim – paýhasyna, gymmatly edebi mirasyna çuňňur sarpa goýýan dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar heýkeliň öňüne ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Baýramçylyk mynasybetli guralan bu medeni çäre ady äleme dolan beýik ynsanyň gymmatly eserlerine welaýatyň ilatynyň belent hormat – sarpa goýýandygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Merjen Çaryýarow.

252
252 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

241
241 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

341
341 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

333
333 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

313
313 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

323
323 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

333
333 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

320
320 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

308
308 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

1799
1799 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1607
1607 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1859
1859 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1804
1804 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1744
1744 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2052
2052 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1562
1562 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1851
1851 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.