22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Şol gün irden 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.
Asylly däbe görä, myhmanlar «Türkmeniň ak öýi» binasynda duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde ajaýyp halylar, keçeler, gobelen önümleri, senetçileriň eserleri, heýkeller, milli lybaslardyr matalar, nepis şaý-sepler, saz gurallary, adaty türkmen durmuşyna degişli esbaplar, surat eserleri, neşir önümleri görkezildi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Şol gün “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. Artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.
Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi.
Soňra muzeý hünärmenleriniň «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda muzeý işini guramagyň usulyýetini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meseleleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak we saklamak, gadymy ýaraglary hasaba almagyň, goramagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň düzgünleri we tertibi, muzeý işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky çykyşlar diňlenildi.
Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýununyň görkezilişi boldy.
Dabaralar Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.
TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.