Gadymy Ahal topragyny toý röwşüne beslän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň döredijilik adamlaryny bir ýere jemledi. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýedi günläp toý tutdy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşan Medeniýet hepdeliginiň dabarasy dünýä doldy. Kalby Watana bolan buýsançdan, söýgüden doly biz — ýaşlara hem şol toýa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Bu gadymy topragyň gujagynda tutulan toý bagtyýarlygyň jarçysy bolup alyslara ýaň saldy. Doganlary, dostlary, halypa-şägirtleri, ýazyjy-şahyrlary bir saçagyň başyna jemlän bu toý köňüllere soňsuz ylham eçildi. Täze-täze tanyşlyklara, dostluga mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň belli artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edildi, ýazyjy-şahyrlaryň täze eserleri diňlenildi. Olara özara pikir alyşmaga, pikirlerini paýlaşmaga, dostlaşmaga şertler döredi. Medeniýet hepdeliginiň ýakymly ýatlamalary mähribanlyk bolup kalplara dolýar.
Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan ýurdumyzda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Döwrebap teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Şükür bagşynyň sazynda, Magtymguly Pyragynyň sözünde arzuwlanan parahatçylyk bu günki gün ähli halklary birleşdirýär. Toý-baýram, aýdym-saz bolsa parahatçylygyň, erkanalygyň nyşanydyr. Haýsy ýurtda medeniýete, sungata sarpa goýulýan bolsa, şol ýurduň goýny toýdur, baýramdyr, ala ýazdyr.
Goý, gözel ülkämiziň toýlary toýlara ulaşsyn! Medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Köňül kelamyma ýazyldy adyň,
Säherleň nurana, gijeleň aýdyň,
Bu gün seň şanyňa ýazýaryn aýdym,
Gujagyňda baky bagta ýetenim,
Toýlaryň mübärek, eziz Watanym!
Asyrlar içinde birdir kökleri,
Bir-birege ýakyn eýläp kalplary,
Medenýetim birleşdirýär halklary,
Gujagynda baky bagta ýetenim,
Toýlaryň mübärek, eziz Watanym!
Aýparça AKYMOWA.