Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arkadagly Diýarymyň medeni mirasy bakydyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary Çerkez Allajykow, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gözel Begliýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, medeniýet we sungat işgärleriniň üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň we Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa edildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat BERKELIÝEWA.