Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy – syýasy ähmiýetli kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler döwletli maslahatda il – ýurt bähbitli täze taryhy çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak baradaky teklipleriň orta atylmagy halkymyzyň uly goldawyna eýe bolandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy we çuňňur many – mazmunly çykyşlary halkymyzyň ýürek töründe uly orun alyp, ýurdumyzda geljekde amala aşyrylmaly belent maksatly işlere badalga berdi – diýlip, bu maslahatda durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat GURBANOW.








