Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýanyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, oňa etrabyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler hem-de golaýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň ähmiýeti we şol forumda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy dogrusynda buýsanç bilen bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary dogrusynda-da durup geçdiler hem-de dünýäde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Merjen ÇARYÝAROWA.