“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatyna bagyşlanyp Mary welaýat we Mary şäher Zenanlar bölümleriniň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Mary myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda edilen çykyşlarda bu iri göwrümli forumyň dowamynda zenan ýolbaşçylaryň hem duşuşygynyň geçirilýänligini belläp, onda sebitara Zenanlar guramalarynyň özara gatnaşyklarynyň işjeňligi we gelejekde hem şol gatnaşyklary has-da berkitmekde öňde durýan wezipeler bilen bagly garalan meseleler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň biziň döwletimizde geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dünýäde ýene bir gezek dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar zenan mertebesini belende göterip, olara uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merjen ÇARYÝAROWA.