Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen bütin dünýäde giňden tanalýan Garşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraplaýyn başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlara köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatyý - Milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk ähmiýetini alamala aşyrmakda, ýurdymyzda durnykly durmuş - ykdysady öşüşini, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň uly ähmiýetie eýedigi dogrysynda giňişleýin durup geçdiler. Häzirki wagytda hem giň wekilçilikli Birleşen Milletler Guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçinji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri esasynda welaýatyň çäginde geçirilýän maslahat duşyşyklarydyr, tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýandygy çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Maslahat duşyşygynda welaýatyň bagşydyr sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary hem oňa gatnaşanlarda yakymly täsirleri galdyrdy. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýytdylar.
Azat Beglanow.