Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan Diýarymyzda ylymda, bilimde, sportda we medeniýetde uly sepgitlere ýetilýär.
Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Mary şäheriniň “Margiana” medeniýet köşgüniň “Margiana” halk tans toparynyň döredilmegine-de 30 ýyl bolýar. 30 ýylyň içinde “Margiana” halk tans topary Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi, 9 gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Margiana” halk tans topary döwlet derejesinde, welaýatymyzda, şäherimizde geçirilýän ençeme medeni çärelere, şeýle-de, daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallara gatnaşýar. Döredijilik toparymyzyň şeýle çärelere gatnaşmagy medeniýet ulgamynyň has-da ösmegine uly goşant bolýar.
“Margiana” halk tans topary özüniň dürli aýdym-sazlary, tanslary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna uludan taýýarlyk görýär. Ýakynlap gelýän ajaýyp baýramçylyga toý sowgady bilen barýan döredijilik toparymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.
Myrat MEREDOW.








