Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.
Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir.
Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar.
Baýram AMANOW.