Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän, gül açýan ýurdumyz barha özgerýär. Biz milli mirasymyzy dünýä ýaýyp, onuň ähmiýetine, at-owazasyna göz ýetirýäris. Älem gymmatlyklaryndan gözellik paýyny alan türkmen milli lybaslary zenan maşgalanyň görküne görk goşýar. Keteni, çyrpy, kürte ýaly ajaýyp egin-eşikleri gelin-gyzlarymyz akyl-paýhaslary, on barmaklarynyň hünäri bilen döredipdirler.
Ketenim, ýaşlygymyň, juwanlygymyň, gelinligimiň, şöhlesi sende jemlenip duran ýaly. Sen meniň köýneklerimiň içinde iň owadany, iň jadylysy, iň mähribanysyň. Seni göremde mährem enem ýadyma düşýär. Sen meniň ruhy baýdagymsyň, tugumsyň. Gyzyl-gyrmyzy ketenim, sen arzuwlanýan köýnekleriň iň naýbaşysysyň. Sen meniň goragym, söýgimiň özüsiň.
Hawa, toý güni geýen gyzyl ketenime häzirem kir ýokanok, ol ýygyrt hem atanok. Ol sandygymyň düýbünde, ýüregimiň töründe durandyr. Gyzyl gülli sary sähralyga meňzeş ketenim, seni her gezek göresim gelip elime alanymda, ýaşlygym biygtyýar ýadyma düşýär. Ol günler indi gaýtalanmaz, emma könelmezem. Sen ömrümiň baharyny ýatladýarsyň. Belkem, şonuň üçindir senden doýma ýok. Saňa ýetmek üçin gyzlar köp arzuw edýärler. Ketenim, saňa mynasyp bolup, bir ojagyň başyny tutup, ogul-gyz ýetişdirip, olary hem iliň ýagşysyna meňzetmek biziň müdimi borjumyz bolsa gerek. Ine, keteni köýnegimiz, biz seni mukaddeslik saýyp, ýokarky sözler bilen ýüzlenýäris. Keteni köýnegiň şeýle mukaddesligine haýranlar galýarsyň. Bu çog ýaly gyzyl-gyrmyzy keteniniň mukaddesligi ölmez-ýitmezdir. Türkmen maşgalasynyň gyrmyzy reňke sarpa goýmagynyň düýp manysy hem şondandyr. Keteni nika köýnegi bolansoň, ony tikmek çem gelen kişä ynanylmaýar. Obada durmuşa çykjak gyzlar halallygy hemra edinen zenanlara toý gününde geýjek ketenisini tikmäge berýärler. Halallyga, ruhy-ahlak päkligine, ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes keteni köýnegimiz gözelligiň seresi, görüm-göreldäniň iň uly mekdebi hasaplanylýar.
Bize milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, oňa hormat goýmaga, ýaş neslimizde oňa söýgi oýarmaga döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.
Ogulşat BERKELIÝEWA.