Türkmen halky gelin-gyzlara uly sarpa goýup, olaryň egin-eşikleriniň, bezeg şaý-sepleriniň aýratynlygyna üns beripdir. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden başlap, gymmatbaha daşlardan, altyn-kümüşlerden ýasalan şaý-sepler bilen öz käbelerini, uýalaryny, gelin-gyzlaryny bezäpdirler. Biri-birinden ajaýyp kümüş şaý-sepler, köz ýaly lowurdap duran gyrmyzy keteni köýnekler, keşdelenip gaýalan kürtedir çabytlar, nepis tahýalar gelin-gyzlaryň gözelligine gözellik goşup, olary edepli we owadan görkezipdir. Ine, şeýle gözellige bolsa milli geýinmek medeniýeti diýilýär.
Milli geýinmek medeniýeti, aslynda, aňyrdan gelýän däp-dessur hökmünde häzirki döwrümizde-de giňden ýaýrap, dowam edip gelýär. Millilik — bu türkmeniň ganyna siňen iň uly miras. Türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän milli lybaslarymyzyň gözelligi diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Iň esasy bellemeli zadymyz bolsa, şol milli egin-eşiklerimiz biziň gyz-gelinlerimiziň on barmagyndan kemala gelendir. Hut şonuň üçin hem milli geýinmek medeniýeti türkmen zenanlarynyň mähir-yhlasyndan dörän ajaýyp sungatdyr.
Gunça GAÝYPOWA.