«Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
weather mary 44° C Mary
weather mary 44° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

611 30.10.2024

2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Paşkow öýünde Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Baş direktory W.Duda we Nury Halmamedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Guseýnow, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Magtymguly Pyragynyň eserlerini okyjylar onlaýn we oflaýn görnüşde gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýändigi we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.

8
8 14.07.2026
Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär

       Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem täze 2026 – 2027 – nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgär ýaşlaryň degişli resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu bilim ojagyna okuwa girmek isleýän dalaşgär ýaşlaryň her günde uly topary bu orta hünär okuw mekdebine gelmek bilen, bellenilen nusgadaky resminamalary dolduryp, ony okuwa kabul ediş toparyna tabşyrýarlar. Bu ýere gelýän dalaşgär ýaşlar öz islegleri boýunça, saýlap alan hünär ugurlaryna görä degişli resminamalary doldurýarlar. Dursun Ilbegiýewa.

10
10 12.07.2026
Bedewleriň waspy edildi

        Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.  Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa

8
8 09.07.2026
Wagyz-nesihat çäresi

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ,,Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy ” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Polisiýa müdirliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň, işjeň agzalary gatnaşdylar. Çuň many-mazmunly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, seri dumanlandyryjy maddalaryň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zyýanly, ýaramaz endikleriň garşysyna göreş alyp barmak dogrusynda derwaýys söhbetler edildi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durup, halal zähmet çekip Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredow

7
7 08.07.2026
"Maksat deriniň" önümleri

         Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi köpugurly esasda ösdürmek ugrunda berýän bimöçber ýardam-goldawlary arkaly döwletimiziň sebitlerindäki hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça bu gün depginli, täzeçe ösüşlere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçilerem önümçiligi senagat esasly ösdürip, öz öndürýän eksport ugurly önümleri bilen dünýä bazarynda giň orun almagy aýdyň maksat edinýärler.  “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň ”Ýurdumyzy 2022-2028 - nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda gurlup, önümçilige girizilen täze kuwwatly, döwrebap kärhanasy Italiýanyň hem-de beýleki Ýewropa döwletleriniň gön önümçiligi üçin niýetlenen häzirki zaman iň täze enjamlar toplumlary, innowasion tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň telekeçilerine ýurdumyzdaky ekologiýa taýdan arassa mal derilerini ýokary hilli gaýtadan işläp  bejerip, harytlyk gön derejesine ýetirmäge şert döredýär. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň, işgärleriniň hususy ulgamyň önümçiliginiň hilini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek, öz öndürýän gön önümleri bilen içki sarp edijileri üpjün edip, harytlyk önümiň galan bölegini dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem ýaşlara täze iş orunlaryny döretmek baradaky aýdyň maksatnamasy esasynda gurlan bu täze kärhana iri şahly mallaryň derilerini ýarym taýýar we taýýar gön edip işläp çykarýar. Kärhanada Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanymyzyň daýanjydyr” diýen durmuş ugurly parasatly ýörelgesi esasynda ýaşlaryň üç ýüze golaýyna täze iş orunlary döredildi. Paýdarlar jemgyýetinde her aýda iri şahly mallaryň derileriniň otuz müňden köprägi gaýtadan işlenilip, ýokary hilli harytlyk gön öndürilýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda kärhanada halkara ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli gön önümleriniň otuz alty million inedördül dessimetri işlenilip çykarylyp, şonuň ýetmiş göterimden köpräginiň daşary bazara ugradylmagy bu telekeçilik kärhanasynda eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň artdyrylýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Täzelikde bolsa kärhananyň önümçilik bölümlerine dünýäniň Italiýa, Türkiýe döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Derini ýumşadyjy, tekizleýji, ýüzünde şekilleri dörediji enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň işgärlerine önümçiligi has-da giňeltmäge ýardam berýär. Paýdarlar jemgyýetiniň bu täze kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy böleginiň  ýaşlardan ybarat bolmagy aýratyn bellärliklidir. Ol hünärmenler dünýäniň ösen döwletlerinde gön önümçiligi boýunça öňdebaryjy iş tejribesini özleşdirip gelen ýaşlardyr. Hünär kämilligini ele alan şol ýaşlar kärhanada ornaşdyrylan innowasion tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly,at-myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylda  “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz öndürýän ýarym taýýar we taýýar gön önümlerini dünýäniň Türkiýe, Pakistan, Russiýa, Federasiýasy, Özbegistan döwletlerine eksport edýär. Täze kärhana taslama kuwwatlygyna çykarylanda bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberi iki esse artdyrylar we ýaşlaryň ýene-de ýüze golaýyna iş orunlary dörediler. “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçileri ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmäge, hususy ulgamda önümçiligi köpugurly esasda alyp barmaga döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sapardurdy Ýaýlyýew.

8
8 06.07.2026
Türgenleriň ýaryşy

Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherinde ýerleşýän 4-nji sport mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň kiçi Taý-boks  görnüşi  boýunça bäsleşik geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça özara güýç synanşan okuwçylar oňat netije görkezdiler we okuwlaryndan boş wagtlary sport bilen yzygiderli türgenleşip, beden taýdan taplanýandyklaryny öz ezberlikleri bilen subut etdiler.

10
10 06.07.2026
Çagalar üçin örän täsirli boldy

        Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Mary welaýatynda ýerleşýän "Arkadagyň bagtyýar nesilleri" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Mary şäher häkimliginiň, welaýat baş Bilim müdirliginiň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz Baky bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym - sazly dabara we sport çäresi geçirildi. Bu çärä gatnaşan çagalar, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. Suwhan Kulyýew.

8
8 05.07.2026
Saz-söhbetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna we ýurdumyzyň ösüşlerine bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa

8
8 05.07.2026
Şowhuna beslenen dabara

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Mary welaýatynda hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli medeni köpçülikleýin çärelere giň orun berilýär. Murgap etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçiren dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara etrabyň köp sanly ýaşaýjylary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny gurnadylar. Belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri, şeýle-de dost-doganlyk wasp edildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar türkmen medeniýetiniň şan-şöhradyny äleme ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Parahat Gurbanow

82
82 02.07.2026
Döwrebap taslamalar, elýeterli bahalar

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlary gollamak bilen halkymyzyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerine bolan islegleri barha artýar. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly mebel önümleri hususy kärhanasy hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dürli görnüşli mebel önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, amatly şertlerden peýdalanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly hususy kärhanasynyň hünärmenleri halkymyzyň mebel önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap mebelleri öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Agaç önümlerini timarlaýjy, kesiji, bantlaýyjy we bezeg işlerini ýerine ýetiriji Türkiýanyň ösen, kämil enjamlaryň tejribeli agaç ussalary tarapyndan sazlaşykly işledilmegi netijesinde müşderileriň ösen talaplaryna laýyklykda her günde dürli görnüşli, dürli ölçegdäki mebel önümleriniň birnäçesi taýýarlanylýar. Kärhanada eli hünärli agaç ussalarynyň taýýarlaýan mebel önümleriniň hatarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanhana, aşhana we iş otaglary hem-de çagalar otaglary üçin niýetlenen mebelleri, dürli ölçegdäki ýumşak mebelleri, edara – kärhanalar üçin taýýarlanan ýörite mebelleri görkezmek bolar. Bu mebeller ösen tehnologiýalar arkaly kärhananyň ussat hünärmenleri tarapyndan döwrebap taslamalar taýýarlanyp, müşderileriň sargytlary esasynda ýerine ýetirilýär. Sargytlar arkaly öndürilen mebeller kärhananyň ýurdymyzyň ähli welaýatlaryna eltip, gurnap bermek hyzmaty hem ýola goýulan. Eýýäm 11 ýyldan gowyrak wagt bäri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp halkymyza ýokary hilli mebel önümleri bilen hyzmat edip gelýän bu kärhanada öndürilýän mebeller elýeterli bahalardan hödürlenýär. Bäsleşige ukyply harytlar bolmak aýratyn tapawutlanýan bu önümleriň harytlyk çig mallaryň esasy bölegi öz ýurdymyzdan we daşary ýurtlardan hem sargytlar arkaly getirilýär. Kärhananyň ussat ussalary bir aýda 195 kwadrat metr çig maly işläp önüm öndürmekde netijeli zähmet çekýärler. Bu kärhanada esasan ýaşlaryň zähmet çekmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da joşgunly zähmet çekýän hususy kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen şu günler mebel önümleriniň has döwrebap, täze görnüşlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Işewür telekeçiler özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Azat Beglanow.

10
10 12.07.2026
Bedewleriň waspy edildi

        Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.  Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa

8
8 09.07.2026
Wagyz-nesihat çäresi

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ,,Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy ” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Polisiýa müdirliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň, işjeň agzalary gatnaşdylar. Çuň many-mazmunly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, seri dumanlandyryjy maddalaryň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zyýanly, ýaramaz endikleriň garşysyna göreş alyp barmak dogrusynda derwaýys söhbetler edildi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durup, halal zähmet çekip Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredow

252
252 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

241
241 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

342
342 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

333
333 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

314
314 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

326
326 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

334
334 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

1801
1801 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1609
1609 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1859
1859 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1804
1804 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1746
1746 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2053
2053 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1562
1562 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1851
1851 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.