Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda welaýatyň çägindäki kitaphana ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriniň arasynda ökde wagyzçy - hünärmenleri ýüze çykarmak maksatly “Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde şäherdir, etraplarynda gelen kitaphanaçylar öz aralarynda birnäçe şertler arkaly bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bu bäsleşikde kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylhamlaryndan dörän Gündogaryň Akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hakyndaky kitabynyň birine syn bermek, “Halkara Parahatçylyk ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi mynasybetli şeýle-de içerki we daşary syýasatyny we kitaphana işini wagyz etmek, tele-radio ýaýlymlarynda eden çykyşlarynyň sanawy, gazet-žurnallarda çap edilen makalalarynyň, habarlarynyň nusgalaryny seljermek hem-de hünär ugry boýunça sowal-jogap arkaly bäsleşdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolan kitaphanaçylar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Ýeňijiler ýurdymyz boýunça geçiriljek Döwlet tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan kitaphanaçylar özlerine işlemäne döredip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ülker ORAZGELDIÝEWA.