Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan ösüşler bimöçberdir. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň geljegini ak daňlara atarýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň geljegi babatynda döwletli işler durmuşa geçirilip, ylym-bilimli, edep- -terbiýeli, watansöýüji, päk ahlakly, kämil bolup ýetişmekleri üçin uly alada edilýär.
Bilim ynsanyň ruhy hazynasy bolup, her bir işde aýdyň ýol görkezýär. Şonuň üçin hem has-da röwşen geljegi nazarlap barýan halkymyz bu günki günde ylymda, bilimde uly üstünlikleri gazanýar. Bilim ulgamynyň ösüşleri, özgertmeleri bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärlerini örän buýsandyrýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda biziň orta hünär okuw mekdebimizde-de ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýaş nesliň ruhlanyp okamagy, döretmegi, sowatly bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan içeri we daşary syýasaty hemişe rowaç alsyn!
Şamuhammet ŞANAZAROW.








