Jigim Şadidara dil bitip ugran uçurlary babamlara gezmäge bardyk. Agylyň içi ikiýana dars ýasaýan owlak-guzudan doludy. Olary görüp sypalasymyz, oýnasymyz geldi. Babam bizi synlap durşuna: «Bäbejikkäňiz barmagyňyzy soranyňyzda: “Inji berjek” diýip söz edipdim. Saýlaň, şu owlak-guzulardan halanyňyzy. Onsoň siz-ä mally bolarsyňyz, menem bergiden çykaryn» diýdi.
«Seňki» diýilýän zat süýji bolýar-da. Inji sözüne düşünmesegem, herimiz bir owlajygy goltukladyk. Mamam aýtmyşlaýyn, gumlularyň gadymdan gelýän däbine görä, gezmäge gelen agtyk babasyna bakyp, barmagyny sorsa “inji dileýär” diýlip yrym edilipdir. Babasy: «Agtygym barly bolsun, barmagyny boş sormasyn, gaýmak alyp, ýag ýalasyn!» diýen ýagşy niýet bilen, gyzyndan bolan agtygyna, çaganyň öz islegi bilen saýlamagyna görä, inji göle, köşek, owlak-guzy sowgat beripdir. Inji berlen mal tä şol çaga ulalyp nika toýuny tutýança daýylary tarapyndan saklanylyp, bakylyp, köpeldilip gezilipdir. “Köpelip, köl bolup, toýa ýarasyn!» diýilýän, inji maly her zeýilli zerurlyk çyksa-da, ýagdaýy bolsa satylmandyr. Eger çaga oglanlyk edip, erkek maly inji saýlasa, mal ulalansoň köpelýän injä çalşylypdyr. “Inji maly agtygyňky” diýlip kän bir «şahyna kakylman» saklanypdyr. Erkin saklanan mal dogumlyja bolsa-da, agras bolsa-da: “Mal eýesine çekmese şumluk. Tüweleme, eýesine çekipdir” diýip guwanypdyrlar.
Hamrak türkmeniň agtygyna inji bermek dessuryna biziň günlerimizde-de, seýregrägem bolsa, gum obalarynda duşmak bolýar.
Owadangözel ÝUSUBOWA.








