Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler.
Ahmet NURJANOW.