Gadamy barha batlanýan üstümizdäki ýylyň — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy jemgyýetimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Çünki, parahat durmuşda, asudalykda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmek gadymy halkymyzyň hemişelik isleg-arzuwy. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde uly goldaw tapýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy, halkara gatnaşyklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly geljegini nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär. Ähli halklaryň parahat ýaşaýşynyň ygtybarly berkararlygyny göz öňünde tutýan bu hoşniýetli daşary syýasat umumadamzat bähbitli syýasatdygy bilen uly gyzyklanma döredýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän halkara ähmiýetli beýik başlangyçlary döwletimiziň ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Diýarguly ATAÝEW.








